Putin umumy pul birligine geçmegi teklip etdi

Berlarus, Gazagystan we Russiýa tarapyndan döredilen Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýokary derejeli maslahaty Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi

273998
Putin umumy pul birligine geçmegi teklip etdi

Russiýanyň Prezident Wladimir Putiniň Gazagystan we Belarus bilen umumy pul birligine geçmek baradaky teklibi bolsa maslahatyň esasy ugry boldy.
Wladimir Putin: “Global ykdysadyýet taýdan kynçylyklary başdan geçirýäris. Emma Russiýanyň Gazagystan biken bolan hyzmatdalygynyň netijesinde şol kynçylyklaryň hötdesinden geleris” diýdi. Rus lideri soň bolsa: “Gazagystan we Belarus bilen umumy pul birligine geçmegi pikirlenmegiň tüýs wagty” diýdi.
Gazagystanyň Prezident Nursoltan Nazarbaýew bolsa dowam edýän sebitletin we global maliýe çökgünlikleriniň nebitiň nyrhynyň aşaklamagy netijesinde ýüze çykandygyny nygtap: “Bu Ýewraziýa Bileleşigi üçin uly howp we synag” diýdi.
Nebitiň nyrhynyň aşaklamagy we günbataryň ykdysady çäklendirmeleri netijesinde rubl, Amerikan dollaryna görä hümmetini ýitirdi we ol hem Russiýanyň ykdysady çöküşiniň depginini güýçlendirdi.
Şol çökgünlik Russiýanyň Belarus we Gazagystan ýaly ozalky Sowet döwletleri bilen bolan söwda gatnaşyklaryna-da ýaramaz täsir ýetirdi.
Belarus rubly dewalýuasiýa duçar boldy, Gazagystanyň pul birligi teňňe hem häzirki wagtda hümmetini ýitirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar