Ulag önümçiligi 4 göterim ýokarlady

Türkiýe dünýäniň ulag öndürijiler sanawynda 17-nji ýerde durýar

258894
Ulag önümçiligi 4 göterim ýokarlady

Ulag önümçiligi 2014-nji ýylda 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4 göterim ýokarlap 1 million 170 müňe çenli baryp ýetdi.
Halkara ulag öndürijiler jemgyýetiniň görkezijilerine görä dünýäde ulag önümçiligi 2014-nji ýylda 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,6 göterim ýokarlap 89 million 747 müň 430-a çenli baryp ýetdi.
Hytaý 2009-njy ýyldan bäri dünýäniň ulag öndürijiler sanawynda 1-nji orny ýeri eýeleýär.
Hytaýda 2014-nji ýylda 23 million 723 müň ulag öndürildi.
Türkiýäniň esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolan Eýran geçen ýyl iň köp ulag öndüren ýurtlaryň hatarynda ýer aldy.
Eýranyň ulag önümçiligi 2014-nji ýylda 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 46,7 göterim ýokarlady.
Türkiýe hem dünýäniň ulag öndürijiler sanawynda 17-nji ýerde durýar.
Russiýa bilen dartgynly günleri başdan geçirýän Ukrainada bolsa ulag önümçiligi 43 göterim aşaklady.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar