Türk-Koreý gatnaşyklary pugtalanýar

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji Günorta Koreýada saparda bolýar

239293
Türk-Koreý gatnaşyklary pugtalanýar

Zeýbekjiniň resmi saparynyň çäginde Türkiýe bilen Günorta Koreýanyň arasynda 2013-nji ýylda güýje giren Erkin söwda şertnamasynyň çäginde hyzmatdaşlar pudagy we maýa goýumlar bilen baglanşykly şertnama baglaşyldy.
Ykdysadyýet ministri şertnamanyň iki ýurduň firmalarynyň bilelikde firma açmaklaryna ýada üçünji ýurtlarda hyzmatdaşlyk etmeklerine mümkinçilik berýändigini aýtdy.
Zeýbekji baglaşylan şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşjakdygyny belledi.
Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministri Sang Jik Ýun hem Türkiýäniň Günorta Aziýanyň bazary taýdan möhümdigini nygtady.
Ýun “Şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösmegi taýdan möhümdigini belledi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar