Eksport 2014-nji ýylda 171, 9 milliard dollara barabar boldy

Zeýbekçi Türkiýäniň eksport taýdan dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende uly mümkinçilige eýedigini nygtady

178001
 Eksport 2014-nji ýylda 171, 9 milliard dollara barabar boldy

Türkiýäniň eksporty 2014-nji ýylda 171, 9 milliard dollara barabar boldy.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi Ankarada geçirilýän Baş ilçileriň 7-nji maslahatynda eden çykyşynda Türkiýäniň eksport taýdan dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende uly mümkinçilige eýedigini nygtady.
Zeýbekçi Türkiýäniň 2014-nji ýyldaky eksportynyň 4,8 göterim ýokarlandygyny belledi.
Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlara eden eksportynyň hem 11,7 göterim ýokarlandygyny aýdan Zeýbekçi, ykdysady ösüşiň 2015-nji ýylda hem dowam etjekdigine ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar