Türkiýe funduk eksportynda rekord goýdy

Dünýäniň funduk önümçiliginde 75 göterim paýa eýe bolan Türkiýe geçen ýyl 110 ýurda eden funduk eksportyndan 2,5 milliard dollar girdeji aldy

170988
Türkiýe funduk eksportynda rekord goýdy

Garadeňiz funduk we funduk önümleriniň eksportçylarynyň bileleşiginiň görkezijilerine laýyklykda Türkiýe 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwary bilen 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde 110 ýurda 252,5 tonna funduk maňyzyny satdy.
Türkiýe 2013-nji ýylda 105 ýurda 275 müň tonna funduk maňyzy eksport edip, 1 milliard 760 million dollar girdeji alypdy.
Şu ýyl bolsa funduk eksportyndan 2,8 milliard dollar girdeji alynmagy göz öňünde tutulýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar