Göwher eksporty 3 milliard dollara çenli baryp ýeter

Maksat eksport mukdaryny 10 milliard dollara çykarmak

154028
Göwher eksporty 3 milliard dollara çenli baryp ýeter

Göwher eksporty ýylyň ahyryna çenli 3 milliard dollara çenli baryp ýeter.
Göwher Eksportçylar bileleşiginin başlygy Güner noýabr aýyna çenli eksportyň 2,7 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy.
Güner göwher eksportynyň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli 3 milliard dollara çenli baryp ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.
Gysga wagtda eksport mukdaryny 10 milliard dollara çykarmagy maksat edinýändiklerini aýdan Güner “Esasan hem Stambulyň taryhy ýarymadasyna her ýyl gelýän daşary ýurtly 10 million syýahatçy biziň üçin diýseň möhüm. Syýahatçylar arkaly 5 ýylda 25 milliard dollarlyk göwher eksport edip bileris”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar