Mehmet Şimşek Burdur welaýatyna bardy

Mehmet Şimşek “Nebitiň nyrhynyň aşaklama ýyllyk hasaplaşyk ýemezçiligine oňyn goşant goşdy”

147847
Mehmet Şimşek Burdur welaýatyna bardy

Maliýe ministri Mehmet Şimşek Burdur welaýatynyn Söwda we senagat birleşmesinin 2013-nji ýyl boýunça salgyt baýraklarynyň gowşurlyş dabarasyna gatnaşdy.
Nebitiň nyrhynyň çaltlyk bilen aşaklaýandygyny, emma ýene-de seresaply çemeleşilmelidigini aýdan Şimşek, nebitiň nyrhy 65 dollara ýeten halatynda Türkiýänin ýyllyk hasaplaşyk ýetmezçiliginiň milli girdejä görä 3,6 göterime çenli aşanlajakdygyny nygtady.
Şimşek şol mukdaryň hem ýyllyk hasaplaşyk ýetmezçiliginin birsydyrgynlyk taýdan kynçylyk bolmajak çäkdigine ünsi çekdi.
Jemgyýetçilik meselelerine-de ünsleri çeken ministr Şimşek, şol meseleler çözel halatynda Türkiýäniň hasam güýçlenjekdigini aýtdy.
Mehmet Şimşek “Jemgyýetçilik meseleleri demokratiýanyň, hak-hukuklaryň we azatlyklaryň giňelmedilmegi esasynda çözeliň” diýdi.
Dabarada iň köp salgyt tölän borçlulara ýadygärlik sowgatlaryň berilmegi bilen tamamlandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar