ÝB-den we ABŞ-dan azyk importyny bes eden Russiýa Türkiýä gönükdi

Türk firmalaryndan 3 sanysy ilkinži gezek Russiýa süýt we süýt önümleriniň eksporty üçin şahadatnama aldy

104590
ÝB-den we ABŞ-dan azyk importyny bes eden Russiýa Türkiýä gönükdi

Türkiýäniň Egeý sebitinden Russiýa edilýän ýyllyk 120 million dollarlyk eksportyň iki esse artmagyna garaşylýar.
Russiýa Ukraina meselesi sebäpli ÝB-ne agza ýurtlar bilen ABŞ-dan azyk importyny bes etdi.
Russiýanyň karary Türkiýede azyk pudagyny hereketlendirdi.
Geçen ýyl guş etini Türkiýäniň Egeý sebitinden alan Russiýa süýt önümleri üçin hem ýene şol sebite ýüz tutdy.
Russiýa eksport etžek firmalaryň sanynyň artmagyna garaşylýar. sentýabr aýynda önümleriň ilkinži böleginiň ugradylmagyna garaşylýar.
Russiýa bilen edilýän söwda gatnaşyklarynyň zeýtun we zeýtun ýagy pudagyna-da oňyn goşant goşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar