"Türkiýe gönüden daşary ýurt maýadarlary üçin amatly ýurt"

Türkiýede 39738 sany daşary ýurt maýaly firma iş alyp barýar

97110
"Türkiýe gönüden daşary ýurt maýadarlary üçin amatly ýurt"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji beren ýazmaça beýanatynda Türkiýäniń daşary ýurtly gönüden maýa goýumçylary üçin iń howpsyz port we amatly ýurt bolmagynda galýandygyny nygtap, ýylyń birinji ýarymynda goýulan 7,76 milliard dollara barabar gönüden daşary ýurt maýa goýumynyń onuń iń anyk görkezijisidigini aýtdy.
Yýun aýynyń ahyrynda Türkiýede jemi 39738 sany daşary ýurt maýaly firmanyń iş alyp barýandygyny nygtan Zeýbekji, şolaryń 82 göteriminiń täze, 16 sanysynyń şärikdeş, 2 göteriminiń şahamça hökmünde açylandygyny nygtady.
Şol firmalaryń 48 göteriminiń ÝB-ne agza ýurtlary, 26 göteriminiń Ýakyn we ÝAkyn Gündogar ýurtlary bilen şärikdeşdigini bellän ministr Zeýbekji, Germaniýanyń 5891 firma bilen birinji ýerde durýandygyny aýtdy. Zeýbekji, ÝB-ne agza ýurtlaryń arasynda 2723 firma bilen Germaniýanyń we 2388 firma bilen Gollandiýanyń ilerde gelýän beýleki ýurtlardygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar