Jewdet Ýylmaz Los Anželesde türk işewürleri bilen duşuşdy

Ýylmaz Türkiýäniň soňky 10 ýylda eden ösüşleri barasynda durup geçdi

109668
Jewdet Ýylmaz Los Anželesde türk işewürleri bilen duşuşdy

Alkara Biotehnologiýa maslahaty we sergisi üçin ABŞ-na baran ösüş ministri Jewdet Ýylmaz saparynyň soňky gününde Los Anželesde ýaşaýan türk işewürleri bilen duşuşdy.
Ykdysadyýetde soňky 10 ýylda uly ösüşleriň edilendigini aýdan ministr Ýylmaz, Türkiýäniň gara ýollary, bilim, saglygy goraýyş ýaly köp sanly ugurda uly ösüşler edendigini nygtady. Ösüş ministri 2009-njy ýyldan bäri dünýäde iş mümkinçiligini artdyran ýurtlaryň hatarynda Türkiýäniň birinji ýerde durýandygyny belläp, geçen döwürde 5 milliondan gowrak iş mümkinçiliginiň döredilendigine ünsi çekdi.
Ministr Jewdet Ýylmaz ykdysady çökgünlige garamazdan Türkiýäniň ösüşini dowam etdirmeginiň ähmiýetine ünsi çekip “Geçmişde dünýäde ykdysady çökgünlik ýokka bizde bolardy. İndi dünýäde ykdysady çökgünlik bar, bizde ýok. Geçmişden alynan dersler bilen çökgünlik tapgyryny ýeňip geçdik. Bank ulgamymyz, gözegçilik mehanizmlerimiz, finans deňagramlyklarymyz güýçli, býujet balansymyz hem kadaly” diýdi.
Ösüş ministrligi tarapyndan taýarlanan 10-njy meýilnama barasynda-da maglumat beren ministr Ýylmaz, dürli gatlaklardan on müňden gowrak adamdan pikir soralyp taýarlanan we Türkiýäniň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan 10-njy meýilnama laýyklykda täze özgertme maksatnamalaryny taýarlandyklaryny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar