Mawy akymyň gurluşyk işleri bes edildi

Bolgariýa Ýewropa Komissiýasynyň duýduryşyna laýyklykda Günorta akym tebigy gaz taslamasynynyň gurluşyk işlerini bes etdi

87891
Mawy akymyň gurluşyk işleri bes edildi

Bolgariýanyň Premýer ministri Plamen Oreşarski Ýewropa Komissiýasy bşilen Bolgariýanyň arasynda mesele boýunça ylalaşyk gazanylýança taslamanyň bes edilendigini, gurluşygyň işleriniň duruzylandygyny aýtdy.
Plamen Oreşarski “Ýewropa Komissiýasy bilen geňeşmeler dowam edýärkä Günorta akymyň gurluşygynyň başlamagy bilen bagly işleriň bes edilmegi barsynda görkezme berdim. Gepleşikleriň barşyna görä karara geliner” diýdi.
Ýewropa Komissiýasy Bolgariýanyň hökümetinden ÝB-niň kanunlaryna utgaşyklyk barasyndaky kararyň kabul edilmändigi sebäpli Günorta akym tebigy gaz taslamasynyň bes edilmegini isläpdi. Emma hökümetiň esasy şärigi Sosialist partiýasy islege üns bermändi.
Ýewropa Komissiýasy 3-nji iýunda Bolgariýanyň düzgünleri bozýandygy sebäpli derňew işini başladyp, taslamasynyň gurluşyk işleriniň bes edilmegi üçin çagyryş edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar