Täze nesil uçar fabrigi açyldy

F-35 kysymly harby uçarlaryň enjamlaryny öndürjek fabrik Prezident Gülüň gatnaşmagynda hyzmada açyldy

85572
Täze nesil uçar fabrigi açyldy

Täze nesil F-35 kysymly harby uçarlaryň enjamlaryny öndürjek fabrik Prezident Abdulla Gülüň gatnaşmagynda İzmirde geçirlen dabarada hyzmada açyldy.
Dabara Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmaz we Ykdysadyýet ministri Nihar Zeýbekçi bilen birlikde birnäçe adam gatnaşdy.
Prezident Gül fabrigiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkiýaniň ýokary tehnalogiýa talap edýän awiasiýa pudagynda indi özüni subut edendigini, desganyň Türkiýäniň senagatyna bolan ynamyň görkezijisidigini aýtdy.
Abdulla Gül Türkiýäniň awiasiýa pudagynda ýaňadandan öndüriji ýagdaýyna gelendigini nygtady.
Milli Goranmak ministri İsmet Ýylmaz hem öňünden duýduryş berýän Awaks uçarynyň, A-400 kysymly ýük uçarynyň we ATAK dik uçar taslamalarynyň üstümizdäki ýylyň dowamynda durmuşa geçiriljekdigini ýatlatdy.
Ýylmaz 2014-nji ýylyň Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagy üçin başladan taslamalary taýdan netijeli ýyl boljakdygyny belledi.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi hem daşary ýurtly maýa goýumlaryň ýokarlandygyna ünsi çekdi.
Zeýbekçi “2003-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli göniden daşary ýurtly maýadarlaryň goýan maýa goýumlarynyň mukdary 9 esse ýokarlap 136,5 milliard dollara barabar boldy” diýdi.
Çykyşlardan soň fabrik dabaraly ýagdaýda hyzmada açyldy.
İzmirdäki fabrikde öndüriljek F-35 kysymly uçarlaryň dwigateliniň enjamlary soň montažy üçin Amerika ugradylar.
Geljegiň harby uçary F-35-leriň orta göwdeleri hem TAİ tarapyndan Türkiýede öndürilýär.
F-35-ler Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň inwentaryna hem degişli ediler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar