Berdimuhamedow Erdogany Doglan Güni Mynasybetli Gutlady

Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimumedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogana 70 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlady.

2107162
Berdimuhamedow Erdogany Doglan Güni Mynasybetli Gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanýar, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde Siziň şahsy goşandyňyz bellenilmäge mynasypdyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de hyzmatdaşlygy uzak möhletleýinlik, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. (tdh.gov.tm)



Degişli Habarlar