Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda "Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran" ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy

2070932
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy

Berilen habarlara görä, Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň ilkinji maslahatynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi.

Gazagystanyň Transport ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew we Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisine degişli Transport we aragatnaşyk agentliginiň baş müdüriniň orunbasary Batyr Annaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen maslahatda, transport bilen bagly ugurlar jikme-jik maslahatlaşyldy. 

Iş topary demir ýol transportynda çeýe we bäsdeşlik nyrh syýasatyny döretmäge gönükdirilen bilelikdäki işiň oňyn netijeleriniň üstünde durup geçdi we işleri şol ugurda dowam etdirmek barada karara geldi. 

Maslahatyň netijesi boýunça iki edara transport pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly teswirnama we memoranduma gol çekdi. Memoranduma laýyklykda iki ýurduň arasynda demir ýol we deňiz ýük daşamak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyklaryny berkiderler. Iki ýurduň territoriýasynyň çäklerinde amala aşyryljak ýük daşamak işlerinde amatly tarifler kabul ediler, maglumat aly-çalyşy üçin infrastrukturany ösdürmek we sanly çözgütler tapmak babatynda umumy çäreler görüler. 



Degişli Habarlar