Türkmenistanyň Ilaty 7 Milliondan Geçdi

Türkmenistanyň döwlet Hasabat guramasy ýurduň jemi ilat sanyny beýan etdi.

2018760
Türkmenistanyň Ilaty 7 Milliondan Geçdi
TKM Nüfus 2.jpg
TKM Nüfus 3.jpg
TKM Nüfus 4.jpg

2022-nji ýylda geçirilen ilat sanawyna görä 7,057,841 adamyň ýaşaýan ýurdunda iň gür ilatly welaýatynyň Mary welaýatydygy habar berildi.

Türkmenistanda jemi ilatyň 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky hasabata görä 7,057,841 adama barabardygy beýan edildi.

Döwlet Hasabat guramasynyň beren beýannamasynda 2022-nji ýyldaky sanawyň netijelerine görä, iň gür ilatly 22,9 göterim bilen 1,613,386 adamyň ýaşaýan Mary welaýaty boldy.

Nobaty bilen Daşoguz, Lebap, Ahal we Balkan welaýatlary gür ilatly welaýatlar boldy.

Paýtagt Aşgabatda 1,030,063 adamyň ýaşaýandygyny habar berildi.

Gender ýagdaýyna görä 50 göterim bilen aýal-erkek ilatyň sany deň bolan bolsa, ilatyň 47,1 göterimi şäherlerde, 52,9 göterimi oba ýerlerinde ýaşaýar. Ýaşaýyş jaý sanynyň 2012-nji ýyldaky sanawa görä 122,4 göterim artandygy we 1,344,268-e ýetendigi beýan edildi.



Degişli Habarlar