15-nji iýulda şehit bolanlar Türkmenistanda hatyralanyp geçildi

15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hatyralama çäresi geçirildi

2011747
15-nji iýulda şehit bolanlar Türkmenistanda hatyralanyp geçildi
15 Temmuz Şehitleri Türkmenistan’da Anıldı 2.jpg
15 Temmuz Şehitleri Türkmenistan’da Anıldı 3.jpg
15 Temmuz Şehitleri Türkmenistan’da Anıldı 4.jpg
15 Temmuz Şehitleri Türkmenistan’da Anıldı 5.jpg
15 Temmuz Şehitleri Türkmenistan’da Anıldı 6.jpg

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň Türk medeniýet merkezinde geçirilen çärede, 15-nji iýuly gürrüň berýän materiallar gelen myhmanlara görkezildi, şehit bolan adamlar uly hormat bilen hatyralanyp geçildi.

Ata Awatan Türkmenistanda 15-nji iýulda şehit bolan adamlaryň ýagty ýädygärligine bagyşlanyp hatyralama çäresi geçirildi.

Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen çärä Aşgabat şäherinde iş alyp barýan diplomatik missiýalaryň wekilleri, döwlet guramalaryň we edaralaryň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly metbugat işgärleri gatnaşdylar.

Çäre iki ýurduň Milli senalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady, ondan soň bolsa Türkiyäniň Aşgabat şäherindäki ilçisiniň geňeşçisi Gülşah Jumurju çykyş edip, günüň ähmiýetiniň üstünde durup geçdi. Gülşah Jumurju türk milletiniň 15-nji iýul gijesi milli we ruhy gymmatlyklary, mukaddeslikleri, baýdagy, namysyny janyny gaýgyrman gorandygyny, milletiň liderligi bilen birlikde şol haýyn harby agdarlyşyk synanyşygynyň öňüniň alynandygyny habar berdi.

Çärede döwlet edaradyr-kärhanalarynyň bombalandygyny, asuda ilatyň üstüne tanklaryň sürülendigini, dikuçarlardan bigünä adamlara ot açylandygyny görkezýän materiallar görkezildi.

15-nji iýulda şehit bolan adamlar üçin Gurhandan aýat-töwürler okaldy, doga edildi.

Ondan soň 15-nji iýul wagşyçylygyny görkezýän foto surat sergisiniň açylyşy bilen çäre tamamlandy.



Degişli Habarlar