Bilelikdäki Türkmen-Özbek Hökümetara Toparynyň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi


2023-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Özbek tarapynyň wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki hökümetara toparyň öňki mejlisiniň dowamynda kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, ulag-logistika ulgamy, nebit-gaz, himiýa we elektroenergetika pudaklary, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny nygtadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada bellenildi.
Bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. (mfa.gov.tm)
Degişli Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Katara Sapar Gurady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara ilkinj resmi saparyny amala aşyrdy.