Türkmen lider Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi

1907097
Türkmen lider Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Türkmen Lider Rusya Başbakan Yardımcısını Kabul Etti 2.jpg
Türkmen Lider Rusya Başbakan Yardımcısını Kabul Etti 3.jpg
Türkmen Lider Rusya Başbakan Yardımcısını Kabul Etti 4.jpg

Geçirilen duşuşykda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen amala aşyrylmagy meýilleşdirilen taslamalar boýunça ikiçäk hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň maslahaty Aşgabatda geçirildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy wezipesini hem alyp barýan  Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýän dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny belläp, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlik bilen özgerjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady we ylmy-tehniki ugurlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýda özgerýändigi aýan edildi. Nebit, gaz, senagat, transport, logistika we söwda pudaklarynyň ileri tutulýan ugurlardygy beýan edildi. Ozal gazanylan ylalaşyklar bilen birlikde ikitaraplaýyn bähbide esaslanýan umumy taslamalar barada pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar