Atatürk Aşgabatda Hatyralandy

Türkiýäniň esaslandyryjy Lideri M.K.Atatürk Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hatyralandy.

1904610
Atatürk Aşgabatda Hatyralandy
Atatürk Aşkabat 3.jpg
Anıtkabir-1
Atatürk Aşkabat 4.jpg
atatürk.jpg

Beýik Öňbaşçy Atatürk aradan çykan gününiň 84-nji ýylynda Aşgabat şäherinde hatyralandy.

Türk we türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi Togan Oral bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew çykyş etdi.

Hajyýew Türkiýe Respublikasynyň, türk halkynyň gahryman ogly Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan gurlandygyny aýtdy.

Türkiýäniň Aşgabat şäherinde ýerleşýän Ilçihanasy tarapyndan Atatürkiň ýadygärliginiň öňünde hatyralama çäresi geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçisi Togan Oral, Azerbaýjanyň Ilçihanasynyň işgärleri bilen dürli edaradyr kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede söz sözlän Ilçi Oral, 10-njy noýabr günleriniň Atatürküň pikirlerini, ideýalaryny we guran Respublikasyny beýgeltme maksadyna düşünmek üçin pursat bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň adyndan çärede çykyş eden Wepa Hajyýew bolsa Atatürküň Türkiýe Respublikasy üçin eýe bolan ähmiýeti hakynda durup geçdi.

W.Hajyýew: “Türk halkynyň gahryman ogly M.K.Atatürk doganlyk türk döwletiniň gurulmagynda, awtoritarynyň güýçlendirilmeginde we dünýä arenasynda özüne laýyk orun eýelemeginde uly işleri durmuşa geçirdi” diýdi.

Soň türk we türkmen raýatlary, işewürler, diplomatlar ýadygärlige gül desselerini goýup, ýadigärlik surat aldyrdylar.

 



Degişli Habarlar