ABŞ-nyň Ýokary Derejeli Resmisi Aşgabatda Saparda Boldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Orta Aziýadan jogapkär orunbasary Donald Lu Orta Aziýa saparypa Aşgabatdan başlady.

1903128
ABŞ-nyň Ýokary Derejeli Resmisi Aşgabatda Saparda Boldy
ABD Heyeti Orta Asya Turuna Aşkabat’tan Başladı (3).jpg
ABD Heyeti Orta Asya Turuna Aşkabat’tan Başladı (2).jpg

Saparyň birinji gününde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Lu ABŞ-nyň Orta Aziýanyň galkynmagy üçin 25 million dollarlyk serişde bölüp berjekdigini nygtap, Trans-Hazar tebigy gaz göterijisi hakynda bolsa degişli goldawy bermäge taýýardyklaryny beýan etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Orta Aziýadan jogapkär orunbasary Donald Lu ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti bilen Aşgabada resmi gurady. Amerikanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap beren Lu, ABŞ-nyň 30 ýyldan bäri Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, garaşlygyny, bitaraplygyny we territorial bitewiligini elmydama goldap gelýändigini aýtdy. ABŞ-nyň Türkmeistana goldaw maksatnamalaryna ýylda 7 million dollar maýa goýýandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň sebitleýin söwda ýollaryny giňeltmek, hünärmen el güýjüni artdyrmak we halkara maýa goýumlaryny çekmek üçin Orta Aziýa ýurtlaryna 25 million dollarlyk serişde goýberjekdigini aýtdy.

Lu Trans-Hazar tebigy gaz turba göterijisi hakyndaky soraga jogap berdi. Türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagynyň 20 ýyldan bäri ara alynyp maslahatlaşylýandygyny beýan etdi. Ýewropanyň tebigy gaza zerurlyk duýýan döwründe bu taslamanyň ähmiýetiniň hasam artandygyny aýtdy. Tebigy gaz eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň türk halkynyň bähbidine bolandygyny nygtan Lu, ABŞ-nyň türkmen gazyny satyn almak boýunça maksatnamasynyň ýokdugyny sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar