Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Bäş Aýlyk Döwri Seljerildi

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirdi.

1839169
Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Bäş Aýlyk Döwri Seljerildi

Mejlisde üstümizdäki ýylyň bäş aýlyk döwründe ykdysady pudakda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisinde düýn ykdysadyýetinde başdan geçirilýän kynçylyklara garamazdan ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depginini gowşatmandygy, içerki milli girdejiniň ösüş depgini soňky bäş aýda 6,2 göterime barabar bolandygy nygtaldy. Bölekleýin söwda mukdarynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,6, daşary söwda mukdarynyň 41,8 göterim artandygy habar berildi.

Mejlisde agrosenagat pudagynyň hasam ösdürilmegi boýunça degişli maksatlar kesgitlendi. Telekçiligiň höweslendirilmegi bilen söwda we hyzmatlar ulgamynyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşyldy. ÝUrtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we daşary ýurtlardan alynýan harytlaryň mukdarynyň azaldylyp, önümçiligiň ösdürilmegi boýunça Prezident Berdimuhamedow birnäçe resminama gol çekdi. Şol çäkde telekeçilere goldaw bermek üçin Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrlligine 150 million dollar serişde bölünip berildi.

Ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda Döwlet býujet girdeji meýilnamasy boýunça hasabatlaryň diňlenen mejlisinde, býujetiň 84 göterimi sosial üpjünçilik hyzmatşlary üçün sarp edildi. Ýurduň uly we orta ululykdaky kärhanalarynda aýlyklar bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,4 göterim artdy.



Degişli Habarlar