Aşgabatda “Türkmen Teatr Sungat Festiwaly” başlady

Türkmen Teatr Sungat Festiwaly ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň hemaýatkärlik etmeginde paýtagt Aşgabat şäherinde geçirilýär

1831819
Aşgabatda “Türkmen Teatr Sungat Festiwaly” başlady
Türkmen Tiyatro Sanat Festivali Başladı 2.jpg
Türkmen Tiyatro Sanat Festivali Başladı 3.jpg
Türkmen Tiyatro Sanat Festivali Başladı 4.jpg
Türkmen Tiyatro Sanat Festivali Başladı 5.jpg
Türkmen Tiyatro Sanat Festivali Başladı 6.jpg

Festiwal ýurdyň medeni-sungat ussatlaryny we teatr muşdaklaryny bir ýere jemledi.

Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplary öz eserlerini sergilediler.

Türkmen Teatr Sungat Festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Şekillendiriş sungat forumy Aşgabatdaky Döwlet Drama teatrynda geçirildi.

Foruma hökümediň agzalary, ýurdyň tanymal sungat işgärleri, media organlarynyň wekilleri we teatryň sungat işgärleri gatnaşdylar. Gelen myhmanlary esasy gapyda türkmen halkynyň taryhynda möhüm rol eýelän Ogz Han, Görogly, Alparslan we Magtymguly ýaly şahýyýetleri janlandyran sungat işgärleri garşyladylar.

Milli we halkara medeni gatnaşyklaryň özgerdilmegini höweslendirmek maksady bilen geçirilen Medeni forumyň çäginde, biri-birinden tapawutly çykyşlar ýerine ýetirildi, türkmen teatrynyň gelejegi bilen bagly meseleler barada pikir alyşyldy.

Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan we Russiýa ýaly ýurtlardan wekiller onlaýn görnüşde foruma gatnaşdylar. Forumda teatryň sungat işgärleri gelejekde amala aşyryljak meýilnamalar barada maglumat berildi.

Ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow festiwal bilen bagly taýarlan wideo ýüzlenmesinde, türkmen halkynyň ençeme asyrlyk medeniýetiniň jümmüşinde hem teatr sungatynyň bolandygyny beýan etdi. Teatryň ýaş nesillerde ýokary ahlak we watançylyk häsýetlerini şekillendirýändigini habar berdi. Teatryň üsti bilen geçmişiň we gelejegiň arasynda ruhy bir köprüniň emele gelýändigini aýdan Serdar Berdimuhamedow, milli medeniýet bilen dünýä medeniýetine goşant goşulýandygyny belledi we ondan soň teatr sungatynda öçmejek yz galdyryp giden sungat işgärleirni ýatlap geçdi.

25-nji maýa çenli dowam etjek festiwalyň çäginde ýurt derejesinde “Ygrar Atasy”, “Baýram Han Türkmen”, Watan Buýsanjy-Jelaletdin Soltan”, “Türkmeniň Ýoly” ýaly teatr oýunlary sahnalaşdyrylar.



Degişli Habarlar