“Türkmenistan Nebit we gaz maýa goýum” atly forumy geçirildi

Aşgabat şäherinde “Türkmenistan Nebit we gaz maýa goýum” atly forumy geçirildi

1803948
“Türkmenistan Nebit we gaz maýa goýum” atly forumy geçirildi
Türkmenistan Petrol ve Gazı Yatırım Forumu Düzenlendi 2.jpg
Türkmenistan Petrol ve Gazı Yatırım Forumu Düzenlendi 3.jpg
Türkmenistan Petrol ve Gazı Yatırım Forumu Düzenlendi 4.jpg

Dünýädäki energiýanyň gelejeginiň maslahatlaşylan forumda türkmen energiýa çeşmeleriniň halkara bazarlardaky orny ara alynyp maslahatlaşyldy.

“Halkyň arkadagly zamanasy” ady bilen geçirilen “Türkmenistan Nebit we gaz” halkara maýa goýum forumy Aşgabat şäherindäki Ýyldyz myhmanhanasynda geçirildi. Foruma nebit we gaz senagatynyň gelejegini kesgitleýän hünärmenler, dünýäniň energiýa bazarlaryny ugrukdyrýan ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen birlikde milli we halkara maliýe guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn görnüşde gatnaşan wekilleriň hem bolan forum ýurdyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýüzlenmesiniň okalmagy bilen başlady. Ýangyç we energetika pudagynyň özgerdilmegi üçin uly göwrümli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdan Berdimuhamedow, Ýewropadan Aziýa, Demirgazykdan Günorta çenli energetika boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini habar berdi. Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna açylmagynyň dünýä energetika howpsuzlygyna položitel goşant goşjakdygyny aýdan Döwlet baştutany, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygynyň tiz depginler bilen dowam edýändigini mälim etdi.

Forumda tebigy gaz ätiýajy boýunça dünýäde ilkinji 5-lige girýän türkmen gazynyň ýurtlara gaz üpjünçiligi we maýa goýumlary maslahatlaşyldy.

35 ýurtdan 400-den gowrak topar Türkmenistanyň sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki rolunyň üstünde durup geçdiler, global energetika ulgamynyň gelejegini maslahatlaşdylar, durnukly energiýany goldamakda maliýe guramalarynyň täsiri barada pikir alyşdylar.


Etiketkalar: #maslahat , #gaz , #nebit , #Türkmenistan

Degişli Habarlar