Türkmenistan Şehitlerini Hatyralady

1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesinde pidalar bolanlar bilen 2-nji Jahan urşunda şehit bolan gahryman türkmenler hatyralandy

1716260
Türkmenistan Şehitlerini Hatyralady
07.10.21.1 Türkmenistan.jpg
07.10.21.2 Türkmenistan.jpg

Hatyralama çäresine döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow we döwletiň ýokary derejeli döwlet resmileri gatnaşdylar.

1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde aradan çykanlar bilen söweş meýdanlarynda  şehit bolan gahrymanlar üçin Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hatyralama çäresi geçirildi.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije sagat 01:12-de başdan geçirilen elhenç ýer titremesi Aşgabady ýykyp-ýumurdy, müňlerçe adam pida boldy. Halas bolanlar bolsa ýakynlaryny ýitirmegiň gam-gussasy bilen ýaşady. 1941-45-nji ýyllaryň aralygynda bolan 2-nji Jahan urşunda-da türkmenler uly gahrymançylyklar görkezip, müňlerçe ogluny pida etdi.

Ozal tapawutly günlerde geçirilýän hatyralama çäreleri 2014-nji ýyldan bäri birleşdirilip, ýer titremesiniň gurbanlary söweş meýdanlarynda pida bolanlar üçin 6-njy oktýabr Milli hatyra güni diýlip yglan edilýär we 6-njy oktýabr resmi dynç alyş hökmünde kabul edildi.

Döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde aradan çykanlary hatyralamak üçin “Ruhum” ýadygärligine, türkmenleriň azat-erkana ýaşamagy üçin söweş meýdanlarynda gurban bolan gahrymanlar üçin bolsa “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül desselerini goýdy. Hatyralama çäresine Mejlisiň Başlygy, ministrler, halk deputatlary, döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň lideri çärede sözlän sözünde “Türkmenlerin watan söýüjiligi, gahrymançylyklary bilen taryhda öçmejek yz galdyrandygyny” aýtdy we ýadygärliklere gelip görýän ýaş nesiliň ata-babalarynyň nusgawy durmuşlaryndan yhlam alyp, taryhlaryna buýsanjakdyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar