Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistana sapar gurady

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I, Türkmenistana 2 günlük resmi sapar gurady.

1675327
Hytaýyň Daşary işler ministri Türkmenistana sapar gurady

Türkmen lider tarapyndan kabul edilen myhman ministr iki ýurdyň arasynda durnukly dowam edýän gatnaşyklardan hoşaldygyny beýan etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I, ilki bilen türkmen kärdeşi Raşid Meredow  bilen duşuşyk geçirdi, soň bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Saparyň ähmiýetini belläp geçen Gurbanguly Berdimuhamedow, Hytaý Komunist partiýasyny döredilmeginiň ýakyn wagtda bellenilip geçilen 100 ýyllygy bilen gutlady. Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynda soňky ýyllarda uly sepgitlere ýetilendigini aýdan türkmen lider, iki ýurdyň arasynda tebigy gaz geçiriji turba taslamasy başda bolmak bilen möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilendigini aýan etdi.

Myhman ministr hem Hytaýyň Türkmenistan bilen tebigy gaz ugrundaky hyzmatdaşlygyny hemişe uzak möhletleýin bir hyzmatdaşlyk hökmünde garandygyny habar berdi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ynamly ýagdaýda dowam etjekdigini beýan etdi.

Duşuşyklaryň barşynda iki ýurdyň umumy bähbitleriniň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň ýaňadandan dikeldilmegi bilen bagly Hytaý tarapyndan başladylan "Bir Nesil Bir Ýol" taslamasynyň ähmiýetiniň uludygy mälim edildi. Saglygy goraýyş ugrunda Hytaýyň sanjymlarynyň üpjünçiliginiň üstünde durulyp geçildi. Iki ýurdyň arasynda ykdysadyýet ugry boýunça 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk meýilnamasy kesgitlendi.

Bu sapar bilen birlikde tender gazanan Hytaýyň kärhanalary Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýylda 1,8 milliard kub metr gaz çykaryljak 6 täze ýatakdaky 22 sany guýy, 4 sany gaz ýygnaýan ammar bilen beýleki senagat infrastrukturalaryny gurar.


Etiketkalar: #sapar , #Hytaý , #Türkmenistan

Degişli Habarlar