Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi

Türkmenistanda Konstitutsiýanyň güni we ýurdyň Döwlet baýdagynyň güni ülkäniň çar tarapynda geçirilen şüweleňler, maslahatlar we dabaralar bilen giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

1642125
Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi
Türkmenistan’da “Anayasa ve Bayrak Günü” Kutlandı 2.jpg
Türkmenistan’da “Anayasa ve Bayrak Günü” Kutlandı 4.jpg

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, Konstitutsiýa güni we ýurdyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi. Gutlag ýüzlenmesinde Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň jemgyýetiň we döwletiň iň uly gymmatlyklary hökmünde kabul edilýändigini aýdan Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistanyň halkyny Konstitusiýanyň güni we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn” diýip belledi. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillik astyna alýan Konstitutsiýanyň özlerini ýolbelet hökmünde ugrukdyrýandygyny, ähli halkyň bolsa türkmen halysynyň gölleriniň, parahatçylygy alamatlandyrýan zeýtun şahajygynyň, agzybirligi we jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyzyň we ýarymaýyň şekillendirilen, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagynyň astynda ýaşaýandygyny beyan etdi.

Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça özgerýändigini aýdan türkmen lideri, has abadan durmuş üçin bolsa özgertmeleriň dowam etjekdigini aýan etdi.

Konstitutsiýa binasyna we ýurdyň Baş baýdak meýdançasynda ýerleşýän 133 metr uzynlygyndaky Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Resmi dabara hökümet düzüminiň agzalary, harby güýçleriň serkerdeleri, guramalaryň we edaralaryň başlyklary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna ýurdyň ähli welaýatlarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Magtymguly türkmen döwlet uniwersiteti bolsa “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: Täze bir taryhy öwrülişik we milli galkynyş tejribesi” atly maslahata ýer eýeçiligini etdi.

Türkmenistanda 21-nji Adam hukuklary hereket meýilnamasy kabul edilip, kanun maddalaryna girizilen täze goşmaçalar we üýtgeşmeler halk köpçüligi bilen paýlaşyldy.

Türkmenistanyň konstitutsiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi we resmi dynç alyş güni hökmünde yglan edilen Döwlet baýdak güni bilen birleşdirildi. Bu dabaraly gün ýurtda 29 ýyl bäri bellenilip geçilýär.



Degişli Habarlar