Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşigi

1260986
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler. 

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar. (mfa.gov.tm)



Degişli Habarlar