Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

1251391
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol hasabat döwründe halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda jemi içerki önümiň ösüşi hasaba alyndy. Senagat pudagynda bu görkeziji 4,1 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterime, söwdada 14,1 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,7 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim hem-de daşary söwda dolanyşygynda 0,2 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 10,95 milliard manada we çykdajy bölegi 10,8 milliard manada deň boldy. Döwlet edaralarynyň we hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hasabat döwründe ykdysadyýetimizde gazanylan netijeleriň umuman kanagatlanarly bolandygyny belläp, entek çözülmeli köp sanly meseleleriň bardygyna ünsi çekdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, eksportyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe kararlaryň kabul edilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu meseleleri hökümet derejesinde düzgünleşdirýän edaranyň döredilmeginiň zerurdygy barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu edaranyň wezipesi eksportyň mümkinçiliklerini öwrenmekden hem-de daşary ýurtlara we içerki bazarlara iberilýän harytlaryň möçberlerini düzgünleşdirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygyny hem-de gazturbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek hakyndaky» hem-de «Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň arasynda maliýe ylalaşygyny baglaşmak hakyndaky» Kararlara gol çekdi.

Häzirki döwürde ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmegiň maksatnаmasynyň kabul edilendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän edarany döretmek boýunça ýakyn wagtda degişli teklipleri taýýarlamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýedi aýynda ministrligiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde birinji Hazar ykdysady forumyny guramaçylykly geçirmek boýunça görlen taýýarlyk işleri hem-de forumyň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilen halkara çäreler barada aýdyldy.

Mundan başga-da, wise-premýer öňde boljak halkara maslahatlar, hökümet wekiliýetleriniň saparlary barada habar berip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça taýýarlanylan maksatnama hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýakyn wagtda geçirilmegi göz öňünde tutulýan hem-de oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly ähmiýete eýe bolan halkara çäreleriň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmeginiň degişli pudaklar üçin bähbitli boljakdygyny aýdyp, bu çäreleriň guramaçylyk meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Hazar deňzi institutyny döretmek hakyndaky» Permana gol çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna degişli anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olaryň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 104,4 göterim, benziniň öndürilişi boýunça meýilnama 101 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi baradaky meýilnama 105,8 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 104,7 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi boýunça meýilnama 105,3 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy baradaky meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika toplumynda iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna hem-de öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we Hazar deňziniň türkmen böleginiň hem-de kenarýaka zolagynyň känlerini daşary ýurt maýalaryny çekmegiň hasabyna özleşdirmegi tabşyrdy.

«Türkmengaz» döwlet konserni boýunça gazyň çykarylyşyny, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini, polimer önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere nebitiň, tebigy gazyň we mineral serişdeleriň geologiýa-gözleg işlerini, täze nebitgaz ýataklaryny açmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz toplumda alnyp barylýan düýpli abatlaýyş işlerini netijeli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belläp, energetika syýasatyny üstünlikli alyp barmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, bu pudaklaryň önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görüldi. Hususan-da, dokma senagatynyň önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamalaryny berjaý etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Toplumyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdinde täzeçil usuldaky häzirki zaman çemeleşmeleriniň ähmiýeti uludyr.

Hormatly Prezidentimiz senagatlaşdyrmak bilen bagly kabul edilen meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň, şeýle hem Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine senagat kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň üçin bolsa, ýurdumyzda ähli mümkinçilikler, baý serişde binýady bar. Olaryň doly güýjünde özleşdirilmegi zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk we energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygynyň we paýtagtymyzyň häkimliginiň düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 101,4 göterim berjaý edilip, 109,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,5 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 102,7 göterim berjaý edildi, elektrik energiýasynyň eksportynyň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli maksatly desgalaryň köp sanlysynyň guruljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary we häkimler bilen bilelikde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny hem-de degişli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, gurluşyk senagatyny ösdürmek meselesine ýene-de bir gezek aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ösen şäher üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, ak mermerli paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere ünsi güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 113,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 111,4 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,6 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 109,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler welaýatlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwlaryny tutmak hem-de zerur bolan ýerlerde zyýankeşleriň garşysyna göreşmek çäreleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek, bugdaý tohumlaryny arassalamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň hem-de ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bularyň ählisiniň oba hojalyk toplumynda özgertmeleri işjeň ilerletmäge, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öri meýdanlaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, olary daýhan hojalyklarynyň hem-de hususy önüm öndürijileriň ygtyýaryna tapgyrlaýyn geçirmegiň, ýer kadastryny düzmegiň, oba hojalygyna maýa serişdelerini çekmegiň, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsi gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine çekildi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ykdysadyýetiň bu pudagynyň degişli maddy-enjamlaýyn binýadynyň kemala getirilendigini aýdyp, döwletimiziň mundan beýläk-de bu ulgamy ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berip, ýakyn wagtda geçiriljek bugdaý ekişinde hem-de pagta ýygymynda ulanyljak tehnikalara hyzmat etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek toplumyň düzümlerine sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň telekeçileri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy meýilleşdirilýän kottejler toplumynyň we ýöriteleşdirilen myhmanhananyň taslamalaryny taýýarladylar. Bölünip berlen 10 gektar ýerde 192 öýli kottejler toplumy ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakda, içerki bazarda önüm bolçulygyny üpjün etmekde hususyýetçilere möhüm ornuň degişlidigini belledi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da ösdürmek meseleleri barada aýdyp, milli Liderimiz Balkan welaýat häkimligi bilen telekeçileriň bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirilen wezipeleri çözmek boýunça zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda dynç almaga isleg bildirýänler üçin zerur şertleri üpjün etmek boýunça degişli teklipler taýýarlanylmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ugurdaş düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler we bäsleşikler, teatrlaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar hem-de beýleki çäreler guraldy.

Ulgamyň hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde iş saparlarynda boldular, halkara okuw maslahatlara hem-de medeniýeti we syýahatçylygy ösdürmäge bagyşlanylan beýleki çärelere gatnaşdylar.

Birnäçe döredijilik çäreleri daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde geçirildi. Hususan-da, aprelde paýtagtymyzda we Mary şäherinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri geçirildi. Iýun — iýul aýlarynda Eýran Yslam Respublikasynda hem-de Türkiýe Respublikasynda ýurdumyzyň medeniýet günleri geçirildi.

Maý aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçirildi. Medeniýet ulgamynyň degişli edaralarynyň internet sahypalarynda ýurdumyzyň üstünlikleri, geçirilýän döredijilik çäreler, taryhy-medeni gymmatlyklar baradaky gyzykly habarlar ýerleşdirilýär, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiligi giňden mahabatlandyrylýar. 2018-nji ýylyň 25-nji aprelinden şu ýylyň 13-nji iýuny aralykdaky döwürde Germaniýanyň Berlin, Gamburg, Mangeým şäherlerinde «Margiana —

Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly arheologik sergi geçirildi. Şol döwürde 416 müň 968 adam sergini baryp gördi.

Wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maliýe-hojalyk işi baradaky maglumatlary aýdyp, ýylyň başyndan bäri kitap önümleriniň 225 görnüşiniň çykarylandygyny, meýilnamanyň 118,4 göterim berjaý edilendigini habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dürli ugurlarda ýurdumyzyň gazananlaryny beýan etdiler, geçirilýän özgertmeleriň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek, milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça işleri alyp bardylar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli kino önümlerini öndürmek boýunça işler dowam etdi.

Hasabatyň barşynda wise-premýer şeýle hem şu ýylyň awgustynda, şol sanda aýyň şanly senelerine we wakalaryna, täze desgalaryň açylmagyna bagyşlanyp guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerini innowasiýalary we hususan-da, olaryň işinde sanly tehnologiýalary giňden ulanmagy göz öňünde tutmak bilen maksadalaýyk kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz doly möçberli halkara hyzmatdaşlygy, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde medeni diplomatiýanyň ähmiýetini nygtap, göz öňünde tutulan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyryp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berip, bu döwürde milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, usulyýet binýadynyň düýpli kämilleşdirilýändigini, gözegçilik edýän düzümlerine, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, sanly bilimi ösdürmek boýunça çäreleriň görülýändigini habar berdi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler işi dowam edýär. Bu ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sanly tehnologiýalar ulgamynyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýşa we beýleki ugurlara ösen halkara tejribeleri ornaşdyrmak işlerine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunlukda, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak, ösen tehnologiýalary öwrenmek, ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň tamamlanandygyny belledi. Indi täze okuw ýylyna taýýarlyk görüp başlamaly. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini tamamlamaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz kompýuterleşdirmäge we sanly ulgama, okatmagyň täze usullaryna geçmegiň wajypdygyny belledi we döwrüň talaplaryna laýyklykda bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurlar boýunça taýýarlanylýan okuw kitaplarynyň we beýleki gollanmalaryň mazmun babatda häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu işlerde häzirki zamanyň oňyn tejribelerine we täzeçil usullara esaslanmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň üýtgewsiz bolmagynda galýandygyny belledi. Türkmenistan daşary we içeri syýasatymyzyň esasynda goýlan parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine hem-de maksatlaryna eýermek bilen, özüniň depginli ösmegini dowam edýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüş depginini durnukly saklap gelýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we kabul edilen ähli durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberi artyp, 6,3 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat döwründe köp sanly iri senagat desgasynyň işe girizilendigini, şolaryň hatarynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän döwrebap zawodyň hem bardygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem köp sanly durmuş maksatly binalaryň, şol sanda meýdany 800 müň inedördül metre golaý bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we şypahanalaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, dükanlaryň hem-de beýleki desgalaryň, jemi bahasy 8 milliard manada golaý bolan desgalaryň ulanmaga berlendigini nygtady.

Biziň kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasaty dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň, şeýle hem beýleki sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu taslamalaryň örän uly syýasy, ykdysady we ynsanperwer ähmiýeti bardyr. Olar sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge kuwwatly itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz döwlet syýasatynyň wajyp meselelerini çözmegiň ýollaryny kesgitläp, göz öňünde tutulan meýilnamalary gyşarnyksyz berjaý etmek üçin çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde bu meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Özgertmeleriň geçirilişini, pudaklarda desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, aýratyn-da, ilaty ýaşaýyş-durmuş desgalary bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleleri üns merkezinde saklamak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara döwlet derejesindäki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda mukaddes Gurban baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurban baýramyny bellemek we 11-nji awgustdaky dynç gününi 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekip, ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna şol günlerde ähli gulluklaryň goşmaça nobatçylygyny guramagy tabşyrdy. Milli Liderimiz hemmeleri ýetip gelýän baýram bilen gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar