Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyşy bolar

Şu gün 28-nji iýunynda ýTürkmenistanyň Ahal welaýatynda geçiriljek tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy bolar.

1226505
Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyşy bolar

Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.

Şu gün açylmagyna garaşylýan Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawod Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňelder. Tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama bolan bu zawod ýyllyk 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlär.

Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standartyna laýyk gelýän A-92 (RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasyny, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan uglewodorod gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

“Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Kawasaki Heavy Industries” (Ýaponiýa) we “Rönesans Holding” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan bilelikde gurlan bu zawodyň düýbi 2014-nji ýylyň awgust aýynda tutuldy.

Bu taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna golaý bolup, ony maliýeleşdirmäge Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky (JBIC) gatnaşýar. Zawod 800-e golaý täze iş orunlaryny döreder. (Çeşme: business.com.tm habar saýty)


Etiketkalar: #nebit , #gaz , #Türkmenistan

Degişli Habarlar