AFK — 2019-yň kubogy: toparlaýyn tapgyr tamamlandy, öňde täze oýunlar

2019-njy ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky toparlaýyn tapgyr tamamlandy

1226491
AFK — 2019-yň kubogy: toparlaýyn tapgyr tamamlandy, öňde täze oýunlar

Ýurdumyzyň hereket edýän çempiony — Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary D toparynda geçirilen oýunlaryň 6-synyň jemi boýunça birinji orny eýeledi hem-de zolagara ýarym finala çykdy.

Türkmenistanyň futbol klubunyň görkezijileri şeýledir: iki ýeňişden we deňe-deň oýnalan dört oýundan soň toparyň hasabynda utuklaryň 10-sy toplandy.

Salnan we boş geçirilen pökgüleriň tapawudy plýus üçdür, «Altyn asyryň» futbolçylary öz garşydaşlarynyň derwezelerine pökgüleriň 7-sini saldylar. Pökgi üç gezek biziň derwezelerimiziň torlarynda boldy.

AFK-nyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky häzirki ýaryşda toparlaýyn tapgyryň nähili emele gelendigini ýatlalyň.

«Altyn asyr» üçin ilkinji oýun 3-nji aprelde Bişkekde «Dordoý» stadionynda geçdi. Bu ýerde türkmen futbolçylaryny ýerli futbol topary bolan «Dordoý — Dinamo» kabul etdi. Duşuşyk netijeli deňme-deň hasap bilen tamamlandy.Toparlaryň ikisi hem garşydaşlarynyň derwezelerine bir pökgüden saldylar.

Göni iki hepdeden soňra «Altyn asyr» öz meýdançasynda Täjigistanyň iň meşhur «Istiklol» topary bilen güýç synanyşdy. Oýnuň netijesi 1:1 hasaby bilen tamamlandy.

30-njy aprelde türkmen futbolçylary ýene bir täjik futbol topary bolan «Hujandyň» meýdançasynda myhmançylykda boldular. Bu sapar hem eýýäm üçünji gezek oýun yzygiderlilikde deňme-deň tamamlandy. Ýöne bu sapar hasap 0:0 boldy.

15-nji maýda Aşgabatda «Altyn asyr» «Hujand» topary bilen duşuşanda kabul edýän toparyň ornunda çykyş etdi. Oýunda artykmaçlyk turuwbaşdan oýnuň bütin dowamynda gowy oýnan we 1-0 hasaby bilen ýeňiş gazanan türkmen futbolçylarynyň tarapynda boldy. Bu oýnuň jemi türkmen futbolçylary üçin örän netijeli bolup bilerdi, ýöne bu sapar şowlulyk aşgabatlylaryň tarapynda bolmady. Onsoňam, «Hujandyň» derwezeçisi hem haýran galdyryjy ýagdaýda oýnady.

19-njy iýunda Aşgabatda Dordoý — Dinamo toparyny ýeňip, uly üstünlik gazanyldy. Şeýlelikde, Istiklol toparynyň futbolçylary bilen boljak jemleýji duşuşygyň öňüsyrasynda «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary 9 utuga eýe bolmak bilen, utulmazlygy üçin ýeterlik mümkinçilikleri bar. Olar şeýle hem etdiler. 26-njy iýunda geçen oýnuň netijesi hem 1:1 boldy. Duşuşykda pökgüleriň ikisini hem oýnuň ikinji böleginde salyndy. Täjigistanly futbolçylaryň uly tagalla etmeginde olara zerur bolan ýeňşi gazanmak başartmady.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hereket edýän çempiony AFK-nyň 2019-njy ýylyň Kubogyny almak ugrundaky oýnuň öňüsyrasynda täjik çempionyndan öňe saýlanyp, D toparynyň sanawynda ilkinji hatarda boldy. Munuň özi futbol hünärmenlerini, şol sanda sportuň bu görnüşiniň janköýerlerini begendirmän durmady.

Geçen ýyl «Altyn asyr» futbol toparynyň AFK 2018-iň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýna gatnaşmagy we häzirki topardan ynamly çykmagy türkmen aragatnaşykçylarynyň durnukly, döredijilikli, oýlanyşykly we haýran galdyryjy oýunlaryna şaýatlyk etdi.

Zolagara ýarym final oýunlarynyň 20 — 21-nji awgustda we 10 — 11-nji sentýabrda, jemleýji oýnuň bolsa 25-nji sentýabrda we 2-nji oktýabrda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky jemleýji oýnuň bolsa şu ýylyň 2-nji noýabrynda geçiriljekdigini ýatlalyň. (TDH)


Etiketkalar: #Türkmenistan , #futbol

Degişli Habarlar