Hormatly Prezidentimiz Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar

1218347
Hormatly Prezidentimiz Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň duýdansyz barlagyny geçirdi

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, harby-taktiki okuwlar yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady, onuň üpjünçiligi kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge, goşunlaryň dürli kysymlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Bularyň ählisi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şol özgertmeleriň netijeliligi bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly döwlet hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkidýär.

Geçirilýän harby okuw-türgenleşik işleri milli goşunymyzyň şahsy düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamaga gönükdirildi.

...Irden milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň bölümleriniň biriniň çägine geldi.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, serhet galalarynyň we birikmeleriniň täze desgalarynyň gurluşygyna kuwwatly itergi berildi. Şunda harby gullugy ýokary derejede alyp barmak, harby gullukçylaryň gowy dynç almagy hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli oňaýly şertler döredilýär.

Harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, dünýädäki öňdebaryjy harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmeklerine, şeýle hem harby düzümlerde ulanylýan atlary hem-de itleri degişli derejede ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy merkezi girelgede ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow şahsy düzümleriň taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň merkezi binasyna bardy. Soňra milli Liderimiz harby bölümiň ýöriş meýdançasyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde harby nyzama düzülen esgerler we serkerdeler bilen salamlaşdy.

Harby bölümiň nyzam meýdançasynda harby gullukçylar bilen bir hatarda IIM-de möhüm orun eýeleýän alabaý itleriniň, şeýle hem atly düzümleriň bardygyny bellemeli. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, esgerleriň alabaýlar we ahalteke bedewleri bilen geçirýän tälimleriniň ýokary netijelere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Atly esgerleriň we bedewleriň söweşjeň lybasda bolmagy Watanymyzyň asudalygynyň we tertip-düzgüniň goragynda sak durýan harby gullukçylaryň mukaddes borja wepaly gulluk etjekdiklerini alamatlandyrýan ýagdaýa öwrüldi. Bu bolsa türkmen halkynyň gadymy däpleriniň dowamy bolup durýar. Edermen harby gullukçylar ajaýyp bedewlerde örän syratly görünýärler we tertip-düzgüni hem-de jemgyýetiň howpsuzlygyny goramakda nusga görkezýärler. Içeri işler ministrliginiň ulgamynda ýörite öwredilen alabaý itleri hem gözleg we gorag işinde özlerini gowy görkezdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy esgerleriň ýatýan otagyna baryp gördi, bu ýerde esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz esgerleriň gündelik durmuşda ulanýan serişdeleri, olaryň hil derejesi we aýratynlyklary, lukmançylyk hyzmaty bilen içgin gyzyklandy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz okuw otagynyň, dellekhananyň we beýleki otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde serkerdeleriň we esgerleriň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Harby bölümiň naharhanasynda taýýarlanýan tagamlaryň hili we görnüşleriniň bellenilen talaplara doly laýyk gelýändigini, ol ýerde ekologiýa taýdan arassa önümleriň taýýarlanýandygyny aýratyn bellemeli.

Harby gullukçylar bu ýerde boş wagtlary döredijilik we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem ýaş esgerler döwlet Baştutanymyzyň sözlerine, Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Rowaç» atly aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň okgunly öňe gitmegini alamatlandyrýan, milli buýsanjymyz bolan bedewe bagyşlanan bu aýdym mähriban Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlara ruhlandyrýar.

Bu bölümiň şäherçesiniň düzüminde Medeniýet öýi bar. Onda medeni-köpçülik çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, dürli maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur serişdeler bar. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk gullugynyň otaglary ýerleşýär. Olar dürli lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary hilli hödürlemäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, harby bölümiň ösen halkara ülňülere laýyk gelýän sport meýdançasy bolup, onda esgerleriň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýöriteleşdirilen türgenleşik meýdançasynyň synlaýyş münberine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylarynyň taktiki taýýarlygy babatdaky ussatlygyny synlady.

Bu ýerde görkezilen harby-taktiki türgenleşikleri ata Watanymyzyň goragynda sak durýan, asudalygyň goragçylarynyň söweşjeň ukybyny aýdyň görkezdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň söweşjeň ýaraglarynyň ýokary derejeli kämilliginiň, türkmen ýigitleriniň tehnikalaryň we ýaraglaryň islendik görnüşine başarjaňlyk bilen erk edip bilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýaş esgerleriň harby we söweşjeň taýýarlygy dürli görnüşdäki çäreleriň degişli okuw sapaklarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Harby gullukçylaryň söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk etmekleri ugrunda yzygiderli okuwlar geçirilýär. Şeýle hem harby gullukçylaryň serkerdeler bilen bilelikde harby-taktiki okuw-söweşjeň çärelerine gatnaşmagy olaryň söweşjeň ukyplaryny ýokarlandyrýar we esgerleriň gymmatly tejribe toplamaklaryny şertlendirýär.

Şeýle hem bu ýerde Goragçy atly itiň başarnygy görkezilýär. Bu köpegi 2016-njy ýylyň martynda ýurdumyzyň serhetçileri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde gowşurdylar. Şu döwürde bu it bilen gullugyň harby gullukçylary degişli türgenleşik işlerini alyp bardylar. Häzirki döwürde Goragçy gullugyň hereketleri boýunça degişli tälimi doly özleşdirip, örän düşbüligi we berlen buýrugy göwnejaý ýerine ýetirmegi bilen tapawutlanýar.

Ýaşlaryň arasynda harby gullugy geçmek, olaryň söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygy, söweşjeň taýýarlygyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlary bilen utgaşykly alnyp barylmagy, ýaş gullukçylaryň harby gullukda has tapawutlananlarynyň degişli derejede höweslendirilýändigi baradaky wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň Watan öňündäki harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge netijeli çemeleşmegini şertlendirýär.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän harby-tälim beriş taktiki okuwlary harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň söweşjeň taýýarlygynyň we söweşjeň wezipeleri netijeli çözmek ukybynyň kämilleşmegini üpjün edýär. Bu bolsa, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň öz üstlerine ýüklenen jogapkärçilikli we mukaddes borja abraý bilen hötde gelmeklerine giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň ýaýlaryň dürli görnüşlerinden atmak babatda mergenlik görkezmegi, şeýle hem ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň degişli derejede enjamlaşdyrylan meýdançada hereketdäki nyşanalara söweşjeň atyşygyny geçirýän pursatlary has-da täsirli boldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz söweşjeň ýaragdan nyşana ok atyp, mergenlik ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ok atmak bilen ýetginjeklik ýyllarynda meşgullanyp, bu ugurda belent derejelere ýetdi. Munuň özi her bir ugur boýunça hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goýlan nyşanalary dürs urup bilmegi bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow esgerlere we serkerdelere jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden harby bölümiň awtoulaglar saklanýan ýerine geldi.

Häzirki zaman söweşjeň tehnikalary esgerleriň we serkerdeleriň harby gulluklarynda netijeli peýdalanylýar. Şunlukda, harby gullukçylar söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary edýärler. Harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesiniň kämilleşdirilmegi, olaryň ussatlyklarynyň we ukyp-başarnyklarynyň barha artmagynyň baş şertini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän harby tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy hem-de söweşjeň tehnikalary netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu ýerde tehnikalaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynda öndürilen dürli görnüşdäki ulaglar hem bar. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň öndüren ulaglaryny synlap, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy. Belent Serkerdebaşymyz Özbegistan bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde, şol sanda Içeri işler ministrliginde täzeçil tehnologiýalary özleşdirmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde olaryň gulluk we ýaşaýyş şertleri üçin oňyn mümkinçilikleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Döwletimiziň bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere yzygiderli goldaw berjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara alyp barýan jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby okuw-türgenleşik geçirýän ýerine tarap ugrady.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny bellemeli. Mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini ygtybarly goraýan harby gullukçylarymyzyň ýokary derejeli gulluklary halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda zerur şertleri üpjün edýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň häzirki zaman ýörite tehnikalary bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümlerinde ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýär. Bu bolsa şahsy düzümleriň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejede bolmagyny, esgerleriň talabalaýyk derejede gulluk etmegini şertlendirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrýan dikuçary harby okuw-türgenleşik geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza okuw-türgenleşikleriniň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berýär.

...Asmanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze nusgadaky ýeňil zabt ediji uçar peýda bolýar. Ol uçuş tilsimlerini örän dessin üýtgetmäge ukyplydyr, munuň özi daglyk şertlerde has möhümdir, görkezme aňtaw uçuşlaryny amala aşyrýar. Bu kysymdaky ýeňil zabt ediji söweşjeň uçary Harby-howa güýçleri üçin uçarmanlary taýýarlamak, daglyk we çöllük ýerlerde bikanun ýaraglanan, ýeňil sowutlanan tehnikalar bilen hereket edýän toparlary ýok etmek, söweş hereketleriniň dowamynda ýa-da serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň öňünde goýlan söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin bu uçar giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Munuň özi ýurdumyzyň asman giňişligini goramakda örän uly ähmiýeti bolan zabt ediji uçarlaryň biridir. Asmanda harby uçar dürli öwrümleri — erkin peselmek, halka, aýlaw, dikleýin uçmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär.

Şol bir wagtda, okuw-türgenleşigiň dowamynda okuw maksatlary bilen ýaýbaňlandyrylan ätiýaçlykdaky harby borçlulary kabul etmek we olary taýýarlamak boýunça çäreler toplumy ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, howa giňişliginde iki sany «Mig-29» kysymly gyryjy uçarlary söweş meýdanynyň aňtawyny geçirýärler. Şeýle hem olar söweş meýdanyndaky goşunlary howadan penalamak wezipelerini ýerine ýetirýärler.

«SU-25» kysymly uçarlaryň topary harby kerweni aňladýan toparlaýyn nyşan boýunça raketa-bomba urgularyny amala aşyrmak üçin dört uçaryň düzüminde uçuş söweşjeň tertibinde söweş meýdanyna girýär we bomba zarbalaryny amala aşyrýar. Zarbadan soňra uçarlar jübütleýin söweş tertibine paýlanyp, raketa urgularyny amala aşyrmak üçin hüjüme geçýärler.

Uçarlar harby kerweni aňladýan nyşanalara raketa urgularyny geçirýärler. Soňra kiçi göwrümli nyşanalary doly ýok etmek maksady bilen, okuw-söweşjeň uçuş emellerini ýerine ýetirip, ot açyşlary amala aşyrýarlar.

Şol bir wagtda, ýörite arassalaýyş bölünmeleri arassalaýyş nokatlaryny ýaýbaňlandyrýarlar hem-de daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan serişdeleri ýok etmek üçin, «Agusta-109» dikuçarlary raketa goýberişlerini geçirýärler.

Harby-howa güýçleriniň «Mi-24» kysymly söweşjeň dikuçarlary pes beýiklikden gizlinlikde hereket edip, ýakynlaşmak bilen howa zarbasyny geçirmek üçin ýörite-taktiki uçuş emelini ýerine ýetirip, nyşanalara awiasiýa toplaryndan ot açyşlary amala aşyrýarlar.

Harby desgalary we raketa urgy toplumlary zabt edip ele salmak boýunça taktiki-ýörite hereketler ýerine ýetirilýär. Uzak aralykda ýüze çykarylan operatiw-taktiki raketa toplumyny ele salmak maksady bilen, 2 sany «Mi-17» kysymly dikuçarlardan ýörite maksatly toparlar zabt ediş usulynda ýörite ýüpleri peýdalanmak arkaly ýere düşýärler.

Ýörite maksatly toparlar raketa goýberiji desgasyna we olaryň dolandyryş awtoulagyna ikitaraplaýyn hüjüm edýärler. Bu görnüşler ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ussatlyk bilen degişli derejede ýerine ýetirmegi başarýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary harby desgany ele salmak üçin awto we motoulaglarda dessin hereket edip, ýüzugra zabt etmek boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýerine ýetirýärler.

Harby türgenleşigiň şertli okuw ýagdaýyna laýyklykda, ýaraglanan toparlar önümçilik desgasyny we onuň binalar toplumyny talaňçylykly maksatlar bilen eýelemek boýunça hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýlelikde, önümçilik desgasynda hadysa ýüze çykyp, zäherleýji jisimler howa zyňylýar.

Ýüze çykan ýagdaýy seljerip, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň we halas ediş gulluklarynyň ýaragly toparlary zyýansyzlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýyň öňüni almak boýunça bilelikdäki hereketleri guralýar.

Bilelikdäki hereketler «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň mergenler toparynyň garşylyklaýyn söweşijileri ýok etmegi bilen başlanýar.

Ot açyş nokatlary ýok edilenden soňra, ýörite maksatly toparlar ýapyk binalary we desgalary zabt etmek, garşydaşyň ýeňil sowutlanan ulaglary aňladýan nyşanalaryny hatardan çykarmak, şeýle hem çaknyşyk meýdanyndan awtobusy peýdalanmak bilen gaçmaga synanyşýan ýaragly topary ele salmak boýunça okuw-söweşjeň taktiki-ýörite hereketleri geçirýärler.

Şol bir wagtda önümçilik desgasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň ýerli halas ediş toparlary zäherleýji jisimleriň ýaýramagynyň öňüni almak we zyýanly netijelerini ýok etmek çärelerini geçirýärler.

Harby okuw-türgenleşigiň dowamynda asmana atyjy raketa toplumlary garşydaşyň howa urgularyny serpikdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirip, dürli howa nyşanalaryny ýok etdiler. Bellenen wagtda söweş uçaryny aňladýan howa nyşany asmana uçurylýar. Ol häzirki zaman asmana atyjy raketa toplumyndan takyk atyjy raketa bilen ýok edilýär.

Artilleriýa bölünmeleri reaktiw ot açyş ulgamlaryndan we artilleriýa toplaryndan dürli uzaklykdaky nyşanalary ýok etmek boýunça artilleriýa odunyň dürli görnüşlerini peýdalanyp, nyşanalary hatardan çykardylar.

Gury ýerde garşydaşa güýçli ot açyp, täsir etmek tanklara mahsusdyr. Ýörişiň dowamynda bellenen sepgide ýeten tankçy wzwodlar garşydaşyň tanklaryny alamatlandyrýan nyşanalar boýunça ot açýarlar hem-de bellenen aralykdaky nyşanalary hatardan çykaryp, söweşjeň ussatlyk görkezýärler.

Häzirki döwürde ýaragly çaknyşyklarda dürli maksatlar bilen peýdalanylýan kiçi göwrümli uçarmansyz uçýan enjamlary dürli usullar bilen ýok etmek boýunça goşunlaryň bilelikdäki hereketleri amala aşyrylýar. Radioelektron göreş toplumy goralýan desganyň çägine uçarmansyz enjamlaryň girmegine ýol bermeýärler we desganyň goragyndaky «Şilka» kysymly asmana atyjy toplumlary kiçi göwrümli bu howa nyşanalaryny ýok edýär. Şeýle hem has pes beýiklikden aralaşmak synanyşygyny edýän howa nyşany gondurylýar we ol zyýansyzlandyrylýar.

Goralýan desga ýaragly toparyň hüjümini serpikdirmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlarynyň we «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrylýar. Desga hüjüm edýän topar onuň goragyny alyp barýan şahsy düzümiň inžener-tehniki serişdeleri peýdalanylýar.

Şeýle hem hüjüm edýänlere goldaw bermek üçin beýleki ugurdan awtoulagda hereket edýän ýaragly topar ýüze çykaryldy. Olary gabap ele salmak maksady bilen, motoulaglardaky çalt hereket edýän ýörite maksatly topar sowutly awtoulagy penalamak arkaly garşylykly hüjümi guramak bilen bu ýaragly topary hatardan çykardy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň we ýörite güýçleriniň bölünmeleri harby kerweniň düzüminde hereket edýärler. Kerweniň hereket ugrunda gizlin ýer gurnan ýaragly topar sowutly awtoulagyň ýaraglaryndan ot açmak bilen ýok edilýär. Şeýle hem kerweniň ýoluny kesmek maksady bilen, hereket edýän ýeňil sowutlanan awtoulag söweşjeň nobatçylykdaky artilleriýa bölünmeleriň ot açmagy bilen hatardan çykarylýar.

Söweş hereketleri meýdanyna girmek bilen bölünmeler söweşjeň tertibe ýaýbaňlanýarlar we ýüzugra ýakyn aralykda zabt etmäge başlaýarlar. Hüjümiň başlanmagy bilen hereket edip barýan sowutly ulaglardan söweşjeň bölümler çalt düşüp, nyşanalary ýok etmäge girişýärler. 
Söweş meýdanyndaky aýratyn howply nyşanalar bolan ýeňil sowutlanan kast ediji partlaýjy ulaglar ot açyş nokady elde göterilýän ognemýotlardan ot açyp ýok edilýär.

Ýüzugra, hüjümi geçirip tamamlan şahsy düzüm hereketi dowam edýän awtoulaglaryna münýärler we indiki wezipäni ýerine ýetirmek üçin ugur boýunça hereketini dowam edýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýörite maksatly toparlary «Mi-17» kysymly dikuçarlardan dürli beýikliklerden toparlaýyn paraşýutly böküşleri amala aşyrýarlar.
Soňra «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň okuw söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary ýerine ýetirilýär.

Bu çykyşlarda ýörite maksatly toparlar özleriniň başarnyklaryny görkezmek üçin çylşyrymly hereketler bilen golaý aralykdan dürli ýagdaýlarda durup ot açýarlar. Şunlukda, harby gullukçylar ýarag ulanmagyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Ätiýaçlykdan kabul edilen bölünmeleriň söweşjeň sazlaşyk okuwlarynyň dowamynda taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça başa-baş el söweşi we harby sport päsgelçilik zolagyndaky harby amaly hereketleri boýunça türgenleşikleri geçirilýär.

Şu gezekki harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Okuw-türgenleşik çykyşlary tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden welosipedde ugrady. Mälim bolşy ýaly, welosiped sporty we köpçülikleýin welosipedli ýörişler sportuň ýurdumyzda işjeň meşgullanylýan görnüşleriniň birine öwrüldi. Munuň özi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Şeýlelikde, sportuň ekologiýa taýdan amatly görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped sporty halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşdy. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagynda, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmeginde milli Liderimiziň yzygiderli tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Häzirki döwürde sportuň dünýä ýüzünde iň meşhur görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped sporty barha ösdürilýär.

Döwlet Baştutanymyz welosiped sürüp gelşine, bu ýerde gurnalan nyşanalaryň deňinde öwrüm edip başlady. Şol pursatda hormatly Prezidentimiz sapançadan nyşanalar boýunça ok atdy. Welosipedde öwrüm edip barşyna nyşanalary dürs urmak bilen, Belent Serkerdebaşymyz özüniň beden taýýarlygyny we ussatlygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Döwlet Baştutanymyz welosipediň üstünden nyşanalary urmak bilen, harby gullukçylara, aýratyn-da, ýaş esgerlere nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi her bir ugur boýunça ýokary ukyby bolan Arkadag Prezidentimiziň ussatlyk derejesini görkezýän pursatlara öwrüldi.

Bu ýerde geçirilen harby okuw-türgenleşige gatnaşan esgerler döwlet Baştutanymyzyň dürs uran nyşanalaryny synladylar. Bu görnüşler Watanymyzyň asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda sak durýan harby gullukçylar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Esgerler Arkadag Prezidentimiziň söweşjeň ukyp babatdaky ussatlygyny nygtap, bu ýagdaýyň türkmen ýaşlary üçin uly buýsançdygyny bellediler. Her bir işde halkymyza, aýratyn-da, ösüp barýan ýaş nesillere nusga bolýan döwlet Baştutanymyzyň ussatlyk derejesi ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň we söweşjeň serişdeleriniň sergisini synlady. Bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde bar bolan we täze gelip gowşan harby tehnikalaryň köp görnüşleri görkezilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby tehnikalar we söweşjeň ýaraglar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanşyp, olara ussatlyk bilen erk etmegiň harby we hukuk goraýjy edaralaryň tutuş şahsy düzümine mahsusdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban topragymyzy goramak boýunça mukaddes harby borjy Watanymyza we harby kasama wepalylyk ruhunda ýerine ýetirmegi arzuw edip, bu ýerden ugrady. (TDH)



Degişli Habarlar