Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi

1217559
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi

Şanly waka mynasybetli bu ýerde sergi ýaýbaňlandyrylyp, onuň düzümine milli Liderimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyndaky täze eýýam hem-de onuň häzirki zamandaky gazananlary barada gürrüň berýän eserleri girizildi. Diwarlyklarda ýurdumyzyň alymlarynyň dürli pudaklardaky işläp taýýarlamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän serişdeler hem görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň, professorlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky dabaraly maslahaty açyp, bu ýere ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Biz şu gün — jemgyýetimizi jebisleşdirýän baýram bolan Ylymlar gününde Garaşsyz Watanymyzyň ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri mundan beýläk-de giň gerim bilen amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Dabaraly maslahatymyzda ylym-bilim ulgamlarynda gazanan üstünliklerimizi belläp geçeris, şeýle hem bu ugurda öňümizde durýan täze, has giň gerimli wezipeleri kesgitläris.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara söz berdi. Olar ýokarda agzalan meseleler boýunça hasabatlar we teklipler bilen çykyş etdiler.

Ilki bilen, çykyş eden Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýew ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan döwlet Baştutanymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçiligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ösüş gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň kesgitläp beren ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň ylmy edaralary tarapyndan geljegi möhüm ähmiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Aýratyn nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda hem uly tagallalary edýär.

Milli Liderimiziň örän oýlanyşykly ylmy-tehniki syýasatyna laýyklykda, mundan 10 ýyl ozal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredildi. Munuň özi bu ulgamda düýpli özgertmelere badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, TYA-nyň ylmy-barlag institutlarynyň düzümi düýpli kämilleşdirildi. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmakda hem-de döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda ylmyň eýeleýän orny ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň geçirýän geljegi nazarlaýan özgertmeleri netijesinde, ylym ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy. Ylmy işgärleri taýýarlamagyň, tebigy, takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlary, innowasiýa işini ösdürmegiň, ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamalary kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ylymdaky we döredijilikdäki göreldesini nusga edinen Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary täzeçe usullar esasynda degişli işleri amala aşyrýarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasly başlangyçlary netijesinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi, ekologiýa ýagdaýlary ýurdumyzyň alymlary tarapyndan öwrenilýär. Halypa alymlar bilen birlikde, ýaş alymlar hem bu gün täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, mehatronika we robot tehnikasy, innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, taslama işlerini alyp barýarlar.

Düýpli, amaly, nazary, gözleg ylmy barlaglar, innowasion işläp taýýarlamalar, durnukly ylmy-tehnologik ösüşler Türkmenistanyň halkara ylym giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

TYA-nyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatda ileri tutýan ulgamlaýyn maksatlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu babatda «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar.

Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hem hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Taryh, arheologiýa ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary taryhy-medeni ýadygärliklerdäki gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdyrylýar, olar üçin alymlar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we hünärmenler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmak, gözýetimlerini giňeltmek, hünär taýdan kämilleşmek, innowasion tehnologiýalaryň inçe tilsimlerini özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerine hünär kämilleşdiriş okuw saparlary guralýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym dünýäsindäki şahsy göreldesinden, ägirt uly döredijilik goşandyndan, energetika, ulag-üstaşyr, suw boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny nusgalyk ýörelge edinen türkmen alymlary maddy-enjamlaýyn binýady dünýä derejesine ýetirilen ylmy-barlag institutlarynda döredijiliki zähmet çekýärler.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda halkara we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde hem-de bütin dünýäde energetika hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly möhüm ugurlarda ylmy esasly başlangyçlary bilen ençeme gezek çykyş etdi. Şol başlangyçlar giň goldawa eýe boldy.

Milli Liderimiziň çuňňur paýhasa ýugrulan kitaplary, öňdengörüjilikli başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döredijilikli içeri we daşary syýasat, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly tagallalar, ylmy ösdürmekdäki beýik hyzmatlar ählumumy halkara ykrarnama eýe boldy. Döwlet Baştutanymyza ençeme hormatly alymlyk derejeleriniň hem-de hormatly ylmy atlaryň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

TYA-nyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde döredýän hemme zerur şertleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz birnäçe degişli resminamalara gol çekmek kararyna gelendigini habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylmyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan ylmy işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, ylmy-barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak we önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri utgaşdyrmak hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy innowasion oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijelerini, ylmy-barlag edaralarynyň, okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň gerimini giňeltmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmy barlaglaryň netijeliligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli tabşyryklary berdi. Şolaryň hatarynda:

ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de güýçlendirmekde, ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar we ylmyň gazananlary esasynda ösdürmekde ylmyň ornuny ýokarlandyrmak;

ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga ünsi güýçlendirmek;

organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmek;

ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmegi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamagy dowam etmek bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, oba hojalyk dökünleriniň täze görnüşlerini döretmelidigini, oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seçgi-tohumçylyk işini alyp barmalydygyny nygtady. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik gaznasyny döretmeli. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň biziň sebitimiziň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini nazara alyp, bu kölüň haýwanat we ösümlik dünýäsini, suw serişdelerini düýpli öwrenmeli, şeýle hem täze ekologiýa zolaklaryny döretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz milli emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini giň gerim bilen ulanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, häzirki zaman ulag-logistika merkezlerini döretmegiň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýew ýurdumyzyň ylmyna hemmetaraplaýyn berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi. Şeýle goldawlar şu gün gol çekilen resminamalarda hem öz aýdyň beýanyny tapdy. TYA-nyň ýolbaşçysy türkmen alymlarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz bilim ministri M.Geldinyýazowa söz berdi.

Ministr ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzüminiň, talyp ýaşlarynyň, bilim ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilimiň girizilendigini nygtady. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesliň düýpli bilim almagyna, köptaraply zehininiň açylmagyna, olary tehniki döredijilik işi bilen meşgullanmaga çekmäge, hünärleri dogry saýlamaga ýardam berýär.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň hemişelik goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary halkara we döwlet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa geljekki alymlary hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga oňyn ýardam berýär. Okuw meýilnamalary we maksatnamalary, okuw kitaplary yzygiderli täzelenilýär, olaryň mazmuny baýlaşdyrylýar, sanly ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölegi bolup durýan sanly bilim ulgamy ösdürilýär.

Ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döredilen barlaghanalarda we ylmy bölümlerde ýaş alymlar, hünärmenler hem-de talyplar tejribeli halypalarynyň ýolbaşçylygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-üstaşyr hem-de suw diplomatiýasy ulgamlarynda öňe süren halkara başlangyçlaryna esaslanyp, Ylymlar akademiýasy bilen hyzmatdaşlykda aspiranturanyň, doktoranturanyň, ylmy-amaly we ylmy-usulyýet maslahatlarynyň işleri ýokary derejede guralýar. Ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýaşlary döredijilik gözleglerine höweslendirmäge aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryna ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny depginli ösdürmekde uly orun berilýär. Möhüm ugurlara ýöriteleşdirilen täze ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň düzüminde ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi bilimiň derejesini we hilini, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, bu ulgamlaryň sazlaşykly ösýändigine hem-de dünýäniň aň-paýhas giňişligine işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz çykyşy diňläp, döwleti we jemgyýeti ösdürmekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynyň ornunyň hem uludygyny belledi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge degişli resminamalara-da gol çekjekdigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, senagat we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de olara hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana hem-de institutyň meseleleri hakyndaky Karara, şeýle hem N.Kuliýewi bu institutyň rektory wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmek, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara hem-de A.Aşirowy bu institutyň rektory wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň, esasan hem sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça türgenleriň taýýarlanylyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Milli Liderimiz halkara syýahatçylygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we köpdürlüligini has-da giňeltmek, hyzmatlaryň hilini hem-de görnüşlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karara-da gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň dolandyryş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, dünýä ylmynyň gazananlaryna, milli oňyn tejribelerimize laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, önümçilik we pudaklar bilen arabaglanyşygy işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, biziň ählimiziň esasy maksadymyz ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym we bilim binýadyny mundan beýläk-de ösdürmekden hem-de berkitmekden ybaratdyr. Şundan ugur alyp, bilim ulgamyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek maksady bilen, biziň täze wezipeleri amala aşyrmagymyz zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda on iki ýyllyk umumybilim ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek üçin Bilim ministrligine mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlap, Ministrler Kabinetine seretmek üçin bermegi tabşyrdy.

16 —18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň zähmet çekmäge höwesiniň, durmuşda we jemgyýetde öz ornuny tapmaga isleginiň artýandygyny nazara alyp, on iki ýyllyk orta bilimiň umumybilim basgançagynda orta bilim bilen bir hatarda, okuwçylara işçi hünärlerini hem öwretmeli. Etrap, şäher häkimlikleri sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine laýyklykda, orta mekdepleriň okuwçylarynyň işçi hünärlerine eýe bolmagy üçin okuw-önümçilik merkezlerini döretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilim ulgamynda şu aşakdaky basgançaklary binýatlyk esas hökmünde bellemelidigini nygtady: mekdebe çenli bilim (şol sanda başlangyç bilime taýýarlyk); orta bilim (başlangyç bilim, esasy bilim, umumy orta bilim); orta hünär bilimi; ýokary hünär bilimi; ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem dilleri öwretmek we dersleri çuňlaşdyryp okatmak boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ulgamyny giňeltmegi tabşyrdy. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda umumybilim berýän orta mekdepleriň täze görnüşlerini, şol sanda ugurlar boýunça dersleri çuňlaşdyryp okatmaga niýetlenen, okuwçylary geljekki hünärlere ugrukdyrmak boýunça mekdep-gimnaziýalary açmaly.

Milli Liderimiz bilim edaralarynda, sanly ykdysadyýet hakyndaky maksatnama laýyklykda, ýörite dersleri göz öňünde tutmagy we olaryň talabalaýyk okadylmagyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri senagat toplumlarynyň we kärhanalarynyň ýokary depginler bilen gurlup, ulanmaga berilýändigini nazara alyp, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny döwrebap ýagdaýa getirmek barada wezipe goýdy.

Tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ministr M.Geldinyýazow ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek meselelerine hemişe üns berýändigi, türkmenistanlylaryň ýaş neslini mynasyp terbiýelemek we olara ýokary hilli bilim bermek baradaky uly işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamyň işgärleriniň mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, ähli güýçlerini we tejribelerini öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmäge gönükdirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz siziň bilşiňiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr diýip belledi. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar.

Ata Watanymyzyň depginli we sazlaşykly ösýän ykdysadyýetinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri, eýeleýän belent sepgitleri, dünýä jemgyýetçiliginde tutýan ornunyň yzygiderli berkemegi bu ulgamlar bilen aýrylmaz baglydyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul eden uzak möhletli döwlet maksatnamalarymyz, düýpli özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, berk ylmy binýada, jemgyýetimiziň bilim mümkinçiliklerine daýanýar.

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrdyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda bilim we ylym ulgamlaryny, şol sanda akademiki, ýokary, orta hünärmen we umumybilim berýän mekdepleri özgertmek ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde yglan edildi.

Şu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ylym we bilim ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge 16 milliard amerikan dollaryna golaý serişde goýberildi. Häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan 623 desga guruldy. Bu desgalaryň hatarynda çagalar baglary, mekdepler, kollejler, institutlar we uniwersitetler, şol sanda häzirki zaman Tehnologiýalar merkezi bar.

Ylym ulgamynda hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ylmy-tehniki özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli berkitdik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ylmyň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlenildi. Degişli kadalaşdyryjy namalar, ýörite Maksatnama we Düzgünnama tassyklanyldy, şeýle hem «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakyndaky» Kanun kabul edildi.

Düýpli ylymlary ösdürmek, ylmy-tehniki mümkinçiliklerimizi artdyrmak, alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylmy işe çekmek ýaly möhüm wezipeler «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapdy. Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy senagat-innowasiýa hem-de maglumat-tehnologiýalar babatda ylmy barlaglary geçirmäge şert döretdi.

Şu maksat bilen, biz Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini açdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu okuw mekdebinde ýokary hünärli inženerleri taýýarlamak boýunça uly işler geçirilýär hem-de täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, himiýa tehnologiýasy, mehatronika, robot tehnikasy we innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça geljekki alymlar taýýarlanýar.

Ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda BMG, beýleki iri halkara guramalar hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk hem pugtalandyrylýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki at-abraýyny barha ýokarlandyrýar.

Biziň ylym-bilim ulgamyna goýýan serişdelerimiz indi özüniň gowy netijelerini berýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Häzirki zaman şäherleri gözümiziň alnynda ösüp ýetişýär. Biz ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanyp, kuwwatly zawod-fabrikleri gurýarys. Ekologiýa we halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrýarys. Öňdebaryjy ylmy tejribäni hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny özünde jemleýän, ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümlerini döredýäris.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasyny düzýändigini nygtap, şoňa görä-de, biziň elektron senagatyny döretmek, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek we beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýandygymyzy belledi.

Iň öňdebaryjy enjamlaryň ulanylmagy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli aragatnaşyk ulgamy işleýär. «TürkmenÄlem 52°E» Milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy munuň üçin giň mümkinçilikleri açdy. Nesip bolsa, biz ýakyn wagtda ikinji emeli hemramyzy hem älem giňişligine çykararys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Maglumat we kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary häzirki döwürde bütin dünýäde has depginli ösýän ugurlar bolup durýar. Ýokary tehnologiýaly pudaklar, nazary we amaly bilimler, maglumat tehnologiýalary dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna gönüden-göni täsir edýär.

Şoňa görä-de, biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmäge döwlet syýasatymyzda uly üns berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady. Şu maksat bilen, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatiki usula geçirilýär, maglumat ulgamy hem-de elektron resminamalar dolanyşygy döredilip, ykdysadyýetimiz has-da berkidilýär.

Şu maksat bilen, geljekde maglumat tehnologiýalary, marketing we geňeşdarlyk hyzmatlaryny guramak babatda taslamalary işläp taýýarlamagy hem-de ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ugurda maglumat tehnologiýalary merkezleriniň, şeýle hem sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdepleriniň sanyny artdyrmagy maksat edinýäris.

Ýurdumyzda häzirki zaman tehnologiýaly täze pudaklaýyn düzümler döredilýär. Şeýle şertlerde täze pikirleri we çözgütleri döredýän, düýbünden täze tehnikalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň has möhüm ugurlarynyň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Biz energetika pudagynda, ýangyç senagaty önümçiliginde we ony tygşytlamakda, himiýa tehnologiýasynda, bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmekde, elektrik energiýasyny öndürmegiň we tygşytlamagyň täze tehnologiýalarynda uly üstünlikleri gazanýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, bularyň ählisiniň bolsa, diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmän, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşi bilen bagly örän möhüm meseleleri çözmäge hem ýardam berýändigini buýsanç bilen belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň başlangyjymyz esasynda energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi energetika diplomatiýamyzyň dünýäde dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda alyp barýan işlerimizi ylmy esasda dowam etmek üçin, biz geljekde hem ähli zerur şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ata Watanymyz tebigy baýlyklar bilen birlikde, giň biologik köpdürlülige hem eýedir. Oba hojalygynyň, lukmançylyk ulgamynyň, derman we azyk senagatynyň, molekulýar biologiýany, genetikany, bioinženerçiligi, biolukmançylygy ösdürmegiň meselelerini düýpli öwrenmek, bu ugurlardan hünärmenleri taýýarlamak hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň seleksiýasyny geçirmek, biotehnologiýanyň häzirki zaman usullaryny ulanyp, täze we garyşyk sortlary döretmek, dürli azyk önümlerini hem-de derman serişdelerini öndürmegi ýola goýmak biziň geljekki ykdysady ösüşimiziň aýrylmaz bölegidir.

Ýokary hasyl berýän, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň täze tohumlaryny döretmek, Garagum sährasynyň hem-de Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap saklamak, «Altyn asyr» Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny, şeýle hem oňa ýanaşyk ýerleri oba hojalygynda peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemek boýunça netijeli ylmy-barlag işleri geçirilýär. Bu bolsa sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga oňyn täsir edýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň golaýyndaky emeli adada geçirilen meýdan barlaglarynyň netijesinde, täze ekologiýa ulgamynyň, ýagny ösümlik we haýwanat dünýäsi, şol sanda suwda-batgalykda ýaşaýan guşlar üçin amatly şertleriň döredilendigi anyklandy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýaňy-ýakynda bolsa, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde täze, döwrebap obanyň düýbi tutuldy. Döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda öndürilen gök-miwe önümleriniň 29 — 30-njy maýda Hindistanda geçirilen halkara sergi-ýarmarkada ekologiýa taýdan arassa önümler hökmünde ýokary sylaga mynasyp bolandygyny hem kanagatlanma bilen belledi.

BMG-niň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen 7-nji Bütindünýä suw forumynda, Aralýaka we Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynda hem Türkmenistan adamzadyň bähbidine suwy netijeli hem-de aýawly ulanmak, umuman, suw diplomatiýasy boýunça başlangyçlarymyzy dünýä jemgyýetçiliginiň garamagyna hödürledi.

Bütindünýä «Rio+20» maslahatynda Aral deňzi üçin ýörite maksatnama işläp taýýarlamagy teklip etdik. Şonuň netijesinde, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek» hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Nesip bolsa, şu ýylyň awgust aýynda 1-nji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu forumda suw diplomatiýamyzyň esasy ugurlary boýunça alyp barýan işlerimiz barada dünýä jemgyýetçiligine habar bereris diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle hem Hazar deňzi sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça täze başlangyçlarymyzy beýan ederis.

Ylmy-tehnologik ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň häzirki zaman şäher gurluşygynda, ýollary we turba geçirijileri çekmekde giňden ornaşdyrylmagy şäherlerimiziň we obalarymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp binagärlik keşbini döretmäge ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen topragynyň köp dertlere em bolýan mineral suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň ylmy esaslary hem işlenip taýýarlanýar. Ýerli çig maldan ýokary hilli derman serişdelerini öndürmek ýola goýulýar. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda lukmançylyk ylymlarynyň netijeli we düýpli ösdürilmegi ylmyň gazananlarynyň önümçilige giňden ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýakyn wagtda sanly lukmançylyk boýunça degişli maksatnama hem kabul ediler, munuň özi bu ugurda giň gerimli işleri alyp barmaga täze itergi berer diýip belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda bilim ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny we jemgyýetçilik durmuşymyzy sanly ykdysadyýete yzygiderli geçirmek üçin, zerur bolan şertleri döretmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzda biz bilim ulgamyna möhüm ähmiýet berýäris.

Giň dünýägaraýyşly, Watanymyza we halkymyza, ata-babalarymyzyň beýik gymmatlyklaryna wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň bilim ulgamynyň ilkinji nobatdaky wezipesi bolmalydygy hemmelere mälimdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şoňa görä-de, bilim arkaly biz medeni-ruhy durmuşymyzy özgerdýäris, Garaşsyz döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny hemmetaraplaýyn berkidýäris, berk binýatly beýik geljegimizi gurýarys.

Mälim bolşy ýaly, biz şu ugurda, ilkinji nobatda, adamlaryň, jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine, milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanan döwlet syýasatyny alyp barýarys, milli maksatnamalarymyzy, konsepsiýalarymyzy we giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Biz ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamynyň gurluşyny hem-de dolandyrylyşyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga, maddy-enjamlaýyn hem-de hukuk binýadyny berkitmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir meselä bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Mälim bolşy ýaly, biziň döwrümiz bilimleriň, tehnologiýalaryň we aň-bilim hem-de döredijilik serişdeleriniň dabaralanýan zamanydyr. Şu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň onlarça ýurtlarynda, şol sanda biziň Garaşsyz döwletimizde hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman bilim edaralaryny döretmäge uly üns berilýändigini belledi. Bu işler bolsa, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä, umuman, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmäge esaslanýan adam mümkinçiligini yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Şu maksatlardan ugur alyp, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Ylymlar akademiýasynyň birnäçe ylmy-barlag institutlary ýokary okuw mekdepleriniň garamagyna berildi. Şeýle etmek bilen, bilimiň we ylmyň özara baglanyşygyny has-da berkitmek, tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlary ylmy-döredijilik işine çekmek maksat edinildi. Ylmy-taslama we tejribe işlerini ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm ugurlaryna gönükdirmek, aýratyn-da, jemgyýetimizde ylmyň ornuny berkitmek göz öňünde tutuldy.

Geljekde bolsa ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen özara baglanyşygyny güýçlendirmegi, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň örän möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn alyp barmagy maksat edinýäris. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça işi dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Talyp ýaşlary ylmy-usulyýet esasynda biziň energetika, ulag, suw serişdeleri boýunça halkara we sebitara guramalarda öňe sürýän başlangyçlarymyz bilen düýpli tanyşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu başlangyçlary jemgyýetde, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem ýaş alymlaryň ylmy-barlag işlerine döredijilikli çemeleşmegini gazanmak üçin, biz ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-usulyýet merkezlerini dörederis.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle hem ýurdumyzda bilim ulgamynda geçirilen düýpli özgertmeleriň netijesinde, bagtyýar ýaşlarymyzyň häzirki döwürde öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim alýandyklaryny belledi. Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp, biz orta hünär we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanyny yzygiderli artdyrýarys. Bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ylmy esasda ösdürilmegi nazara alnyp, diňe bir soňky ýyllaryň dowamynda täze ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi döredildi. Olarda tehnologlar, inženerler, ykdysatçylar, hukukçylar we diplomatlar taýýarlanýar. Şeýle hem okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy.

Şonuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň iň abraýly, öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin hem giň mümkinçilikler döredildi. Ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak baradaky hökümetara ylalaşyklaryň, şertnamalaryň esasynda bilim alýarlar.

Mekdep okuwçylarynyň ylma höwesini goldamak, zehinini açmak, ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin zerur işler amala aşyrylýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzda daşary ýurt dillerine, takyk, tebigy, ynsanperwer, aýdym-saz, harby, sport ugurlaryna ýöriteleşdirilen mekdepler, şeýle hem çagalar çeperçilik mekdepleri we sungat mekdepleri işleýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şeýle ýöriteleşdirilen mekdepleriň ulgamyny giňeltmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, daşary ýurt dillerinde okadylýan ýokary okuw mekdepleri açylýar.

Biziň zehinli okuwçylarymyz, talyp ýaşlarymyz döwlet we halkara derejelerde geçirilýän dersler boýunça bäsleşiklere gatnaşýarlar. Olar bu bäsleşiklerde ajaýyp netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzyň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy barlaglaryny döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny berkitmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. Biz bagtyýar ýaşlarymyzyň öz Watanynyň at-abraýyny we şan-şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine döredijilik dünýäsinde uly üstünlikleri gazanmaklary üçin mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Bilime sanly ulgam serişdeleriniň, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň on iki ýyllyk bilime geçirilmegi jemgyýetimiziň bilim derejesini ýokarlandyrmaga täze itergi berýär, ýaşlarda bilimiň, akyl we beden zähmetiniň esaslaryny ele almagyň endiklerini ösdürmäge şert döredýär, olaryň höwes bildirýän we gyzyklanýan ugurlaryny ýüze çykarmaga, durmuşda öz ornuny tapmak we hünär saýlap almak başarnyklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Biz ýaňy-ýakynda on iki ýyllyk bilimiň kämilleşdirilen okuw meýilnamasyny makulladyk. Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary we Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalary tassykladyk. Bu bolsa milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädimdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, wagt garaşmaýar. Döwür hemişe öňe barýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyz hem depginli ösüş we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama tarap ynamly öňe gitmelidir. Ýakyn ýyllarda dünýäde bilim ulgamynda düýpli öwrülişik bolup geçer. Bu öwrülişigiň dowamynda hünärleriň birnäçesi ýitip gider. Olaryň deregine täze dersler giriziler. Durmuş ulgamlary bolsa, okatmagyň däp bolan ölçeglerini çalşyp biler. Häzirki döwürde ykdysadyýet özgerip, sanly ulgam eýýamyna geçilýär. Öwrenişilip gidilen endikleriň köpüsini eýýäm köp ýurtlarda enjamlar ýerine ýetirýär.

Biz şu gün örän netijeli maslahat geçirdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Maslahatda kabul edilen çözgütler we öňe sürlen teklipler ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasyny düzer. Biz ýurdumyzda ylmyň we bilimiň beýik geljegine uly ynam bilen garaýarys. Munuň üçin bolsa, biziň anyk maksatlarymyz we meýilnamalarymyz, şeýle hem ägirt uly mümkinçiliklerimiz bar. Olaryň ählisi döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ajaýyp mümkinçiliklerdir.

Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ylym ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli inženerleri we zehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistan ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar we geljekde hem pugtalandyrar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Alym adyny götermek — ol ýokary derejedir. Alym bolmak we ylmyň netijelerini gazanmak — ýurdumyzyň geljegidir. Alym bolmak we ylmyň netijelerini, hakykatdan-da, amaly tarapdan durmuşa geçirmek — ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň diňe bedew bady bilen öňe gitmegidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ylymlar gününe bagyşlanan maslahaty tamamlap, bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)



Degişli Habarlar