Türkmen topary Ankarada geçirilen woleýbol ýaryşynda 2-nji orna mynasyp boldy

Türkmen ildeşlerimiziň woleýbol topary TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan geçirilen bäsleşikde 2-nji orna mynasyp boldy

1155467
Türkmen topary Ankarada geçirilen woleýbol ýaryşynda 2-nji orna mynasyp boldy

Türkmen talyplaryndan düzülen Türkmenistan woleýbol topary, TÜRKSOÝ, Ankara Hajy Baýram Weli uniwersiteti, Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy (ÝTB) tarapyndan geçirilen ýaryşda 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýaryş düýn 1-nji martda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň sport zalynda geçirildi. “Bilelikde güýçli gelejege” temasy bilen geçirilen ýaryşa jemi 9 topar gatnaşdy.

Biziň toparymyz hiç ýeňilmän turniriň final tapgyryna çenli ýetmegi başardy. Final bäsleşikde ildeşlerimiziň woleýbol topary, Nogaý topary bilen bäsleşdi. Ildeşlerimiz örän çekeleşikli geçen final tutluşykda garşydaş topardan asgyn gelip, hormatly münberiň 2-nji ornuna mynasyp boldy.

Ýaryşdan soň toparlar ýadygärlik surata düşdiler.



Degişli Habarlar