Ykdysadyýet Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär

1134792
Ykdysadyýet Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr.

Munuň özi türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze tapgyrdyr. Milli Liderimiziň senagat toplumynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem Türkmenistan üçin düýbünden täze bolan ulgamlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu tapgyra geçmek mümkin boldy.

Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Milli oba maksatnamasy bu babatda aýdyň mysal bolup biler. Bu resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji hökümet tabşyryklarynyň biri boldy.

Hut şu döwürden Türkmenistanda milli derejede Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirilip başlandy, ýagny, bu işler 2015-nji ýylda dünýä bileleşigi tarapyndan şol maksatlaryň kabul edilmeginden has öň amala aşyrylyp başlandy.

Munuň özi, hakykatdan hem gerimi we ähmiýeti boýunça deňsiz-taýsyz durmuş ugurly maksatnamadyr. Bu maksatnama ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şol maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde bary-ýogy on ýylyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ilatly ýerleriň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Şol ýerlerde döwrebap senagat we durmuş düzümi döredildi.

Sebitleri ösdürmegiň Milli maksatnamasy häzirki döwürde hem durmuşa geçirilýär, ýöne häzir ol lukmançylyk hyzmatynyň we bilimiň hilini has-da ýokarlandyrdy, şäherlerde hem-de oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş şertlerini deňleşdirip, olary halkara ülňülerine ýakynlaşdyrdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biridir.

2008 — 2018-nji ýyllarda welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň 870 müň inedördül metre golaýy ulanmaga berildi, täze hassahanalaryň 67-si guruldy hem-de bar bolanlary döwrebaplaşdyryldy, saglyk öýleriniň 140-sy, çagalar baglarynyň binalarynyň 258-si, orta mekdepleriň 237-si, medeniýet öýleriniň 75-si, sport mekdepleriniň 115-si guruldy, sport desgalarynyň täzeleriniň 73-si ulanmaga berildi we durky täzelendi. Suw geçiriji ulgamlaryň 9 müň 640 kilometri, awtomobil ýollarynyň 4 müň 671 kilometri, gaz geçirijileriniň 13 müň 520 kilometri, elektrik geçiriji ulgamlaryň 13 müň 59 kilometri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 27 müň 681 kilometrden gowragy çekildi, dürli göwrümdäki suw arassalaýjy desgalaryň 18-si guruldy.

Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleriniň çözgüdi bu meseleleri hökümetiň agzalary we welaýatlaryň ýolbaşçylary bilen yzygiderli ara alyp maslahatlaşýan milli Liderimiziň üns merkezinde saklanylýar. Bu meseleler 28-nji ýanwarda bolan nobatdaky sanly aragatnaşyk wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine hem girizildi. Onda bu meselelere alnyp barylýan oba hojalyk işleri ýurdumyzyň bag ekmek we ekologiýa syýasaty, ýerlerdäki maýa goýum gurluşyk işleri bilen bir hatarda garaldy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda, Türkmenistanyň iri şäherlerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hasaba almanyňda, Milli oba maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda durmuş we medeni maksatly desgalaryň 73-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, inžener kommunikasiýalarynyň 2,6 müň kilometrden gowragynyň, umumy meýdany 208,8 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda takyk, çuňňur oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir durnukly we yzygiderli ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine uýgunlaşmagy hem üpjün etdi. Şunda sanlaşdyrmak möhüm orun eýeläp başlady.

Bu ugurda maliýe ulgamyna möhüm orun degişlidir. Maliýe ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe hem netijeli paýlanmagyny üpjün etmek bilen, durmuş wezipeleriniň çözülmegine, maýa goýum işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durnukly ykdysady ösüşiň saklanylmagyna, ähli pudaklaryň öňdebaryjy tehnologiýalara geçilmegine ýardam etdi.

Türkmen ykdysadyýetiniň düzümi hem üýtgeýär, onda ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň önümçiligi agdyklyk edip başlaýar. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Şeýlelikde, 2018-nji ýylda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 86-sy hususylaşdyryldy. Ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly we innowasion pudaklaryň ösüşiniň binýady goýuldy, býujetiň profisiti üpjün edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti we döwlet amallaryny sanlaşdyrmak boýunça maksatnamany öňe sürüp, hökümeti, pudaklaýyn edaralaryň we ministrlikleriň ýolbaşçylaryny ählumumy ýörelgeleriniň we ähli derejelerde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gönükdirýär.

Türkmenistanyň geljekki ösüşi daşky şertler bilen: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüşiň barşynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglanyşyklydyr.

2030-njy ýyla çenli dünýäniň gün tertibi we milli syýasat Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň alyp barýan işi bilen ykjam baglanyşyklydyr. Durnukly ösüşiň maksatlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini herekete girizmek tebigy, energetiki, maddy-önümçilik serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde durmuş ugry halkyň abadançylygynyň, hiliniň ýokarlanmagyna, ekologiýa taýdan bolsa daşky gurşawyň goralmagynyň we tebigata aýawly çemeleşilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Şunda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýurdumyzyň sebitleriniň deňeçer önümçilik we durmuş ulgamyny döretmek bilen baglanyşykda pudaklaýyn we çäk derejelerinde göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleriň hemmesi we olary çözmegiň ýollary milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde beýan edildi. Tutuşlygyna alnanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiki ugry ykdysady ösüşiň senagat-innowasion görnüşiniň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjün edilmegine we halkyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Sanly tehnologiýanyň artykmaçlygy ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara, şeýle hem milli Liderimiziň durmuş syýasatyna ornaşdyrylan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde aýdyňdyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telemedisina tehnologiýasyny, onlaýn-bilimi we uzak aralykdan okatmagy, elektron hökümetiň gurallaryny we beýlekileri höweslendirýär.

Ýurdumyzda hojalyk, önümçilik dolandyryş ýagdaýlarynyň sazlaşdyrylmagy «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berer, olarda ilatyň islegleri has doly we çalt kanagatlandyrylar. Täze tehnologiýalar kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda goşmaça iş orunlaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ykdysadyýet ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekýär.

Milli Liderimiz sanly we öýjükli hyzmatlaryň ählumumy elýeterliliginiň üpjün edilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamasy täze hilde – sebitleriň we alysdaky ýerleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly hereketlendirijisi boljak sanlaşdyrmak derejesinde dowam eder.

Maliýeleşdirmek, hakykatdan-da, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertidir, ony maliýeleşdirmegiň esasy çeşmesi döwlet, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty 2030 ählumumy gün tertibi boýunça ýurdumyzyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepilidir, onuň ugurlarynyň birnäçesi eýýäm Türkmenistanda, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijesinde ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda beýleki ählumumy maksatlara ýetmek bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan bolsa, umumadamzat ähmiýetli köp meseleleri çözmek bilen bütin dünýäde ösüşe ýardam berer.

Türkmenistanda toplanan tejribe diňe bir milli däl, eýsem, dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Watanymyzyň üstünlikleri dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara bilermenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri türkmen döwletiniň jedelsiz üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan çuňňur oýlanyşykly we döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän syýasaty bilen berk baglanyşdyrýarlar.(TDH)

 

 

 


 



Degişli Habarlar