Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi

1088107
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

 

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti abraýly halkara guramalar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Aziýanyň Ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady, bu düzüm bilen bilelikde üstünlikli işlemegiň oňyn tejribesi toplanyldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar, häzirki ýagdaýlary we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, ony has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasy bolup durýar. Geçen döwrüň içinde ýola goýlan netijeli maýa goýum gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika pudagy hem-de energiýa serişdelerini ugratmagyň eksport ugurlaryny ösdürmek, üstaşyr ulag düzümini döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam etmek ýaly ugurlar bar.

Bellenilişi ýaly, tagallalary netijeli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler milli we dünýä ähmiýetli giň gerimli düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda türkmen Lideriniň başyny başlan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň ägirt uly taslamasy bar. Bu halkara energiýa köprüsi Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini asuda ýagdaýda dikeltmek, köp sanly täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmek bilen baglylykda örän uly ähmiýete eýedir, bu, öz nobatynda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisi öz niýetlenen maksadyndan başga-da, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat etmäge gönükdirilendir. Aziýanyň Ösüş banky TOPH taslamasynda esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasy boýunça gol çekilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekiler. Ol üç ýurduň arasynda maglumat-kommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek bilen bir hatarda, Aziýa sebitiniň bu böleginde goşulyşmak işlerini güýçlendirmäge ýardam eder. Şeýle hem Akina — Mazari-Şarif demir ýoluny çekmek boýunça işler dowam edýär.

Bu taslamalaryň hemmesi Türkmenistanyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň hyzmatdaşlygy üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz AÖB-ne suwy süýjetmek üçin desgalary gurmagyň taslamasyna maýa goýmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Myhman bu teklibi kanagatlanma duýgusy bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň Merkezi Aziýada ynanyşmak ýagdaýyny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we okgunly goşulyşmak işlerini berkitmegiň täsirli şerti bolup çykyş edýändigini belledi.

Aziýanyň Ösüş banky bu öňdengörüjilikli strategiýany doly goldamak we oňa ýokary baha bermek bilen, türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň, şol sanda Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek we onuň sebitdäki dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy baradaky başlangyjynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan edýär.

Ulag ulgamynda maýa goýum hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, şunda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny gurmagyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagy AÖB bilen hyzmatdaşlygyň anyk mysaly hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Ýewropa ugry boýunça geçelgäni döretmegiň mümkinçiligine seredildi.

Şeýle hem Hazarda hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň artandygy bellenildi, bu ugurda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, geljekki bilelikdäki taslamalar üçin, şol sanda turba geçirijileri gurmak, gojaman Hazaryň serişdelerini işläp taýýarlamak boýunça taslamalar üçin mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň we AÖB-niň arasyndaky gatnaşyklar Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygy Maksatnamasynyň (MASYH) çäklerinde hem amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek MASYH-nyň ministrler derejesindäki 17-nji maslahatynyň gün tertibi gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman döwlet Baştutanymyza maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, türkmen paýtagtynda maslahata gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli sebit hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, oňa has anyk we sazlaşykly häsiýeti bermäge gönükdirilen maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we AÖB-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, onuň netijeleriniň hem-de däbe öwrülen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça täze teklipleriň bolsa halkara işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmäge, tutuş Aziýa sebitiniň abadançylygyna we gülläp ösmegine kybap gelýän geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalaryň amala aşyrylmagy üçin täze maýalary çekmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. (TDH)



Degişli Habarlar