Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­dy

Bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­lar Aş­ga­bat­dan uzak bol­ma­dyk Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­di, bu ýer­de ägirt uly “Ak öý” se­leň­läp gö­rün­ýär

1036432
Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­dy

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow Now­ruz ýaý­la­syn­da Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di we bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy, şeý­le hem bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.

Müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da baý me­de­ni­ýe­ti, aja­ýyp däp-des­sur­la­ry dö­re­den türk­men hal­ky Gur­ban baý­ra­my­na aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar. Bu baý­ra­myň yn­san­per­wer­lik ma­ny-maz­mu­ny, mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak ba­ba­tyn­da uly äh­mi­ýe­ti, onuň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry türk­me­nis­tan­ly­la­ry so­gap iş­le­re, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik mak­sat­la­ry­na ruh­lan­dyr­ýar.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow hal­ky­my­za ibe­ren Gut­la­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gur­ban baý­ra­my­na aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär. Bu ga­dy­my baý­ra­myň jem­gy­ýe­ti­mi­zi me­de­ni-ru­hy taý­dan kä­mil­leş­dir­mek­de hem-de baý­laş­dyr­mak­da, ag­zy­bir­li­gi­mi­zi we je­bis­li­gi­mi­zi pug­ta­lan­dyr­mak­da äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz beý­le­ki halk­lar bi­len bir­lik­de, türk­men hal­ky­nyň hem yn­sa­ny be­lent ah­lak­ly­ly­ga, wyž­dan päk­li­gi­ne ug­ruk­dyr­ýan il­kin­ji din­le­riň ke­ma­la gel­me­gin­de, ynanç-yg­ty­kat­la­ryň, adat-des­sur­la­ryň, yn­san­per­wer we dün­ýe­wi gym­mat­lyk­la­ryň dö­re­me­gin­de hem-de baý­laş­ma­gyn­da uly hyz­ma­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di. Biz ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan mu­kad­des däp­le­ri­mi­ze buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys.

Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li baý ma­ny-maz­mun­ly me­de­ni mak­sat­na­ma taý­ýar­la­nyl­dy. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri hem-de kon­sert­ler gu­ral­ýar. Baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gur­na­lan be­lent hiň­ňil­dik­le­riň tö­we­re­gi has-da köp mä­re­ke­li, olar Gur­ban baý­ra­my­nyň aý­ra­tyn be­ze­gi­dir. Bu gö­zel däp-des­sur nu­ra­na baý­ra­ma gaý­ta­lan­ma­jak öwüş­gin çaý­ýar.

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da re­him­dar­ly­gy we ag­zy­bir­li­gi ala­mat­lan­dyr­ýan Gur­ban baý­ra­my äh­li halk­la­ryň ara­syn­da äh­lu­mu­my ösü­şiň hem-de aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne dost­luk we hyz­mat­daş­lyk duý­gu­la­ry­na bes­le­nen­dir, bu baý­ram mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­niň hem-de ga­dym­dan göz­baş al­ýan myh­man­sö­ýer­li­gi­niň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň we hä­zir­ki döw­rüň me­ýil­le­ri bi­len baý­laş­dy­ryl­ýan­dy­gy­nyň ala­ma­ty­na öw­rül­ýär.

Bu nu­ra­na baý­ram my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­lar Aş­ga­bat­dan uzak bol­ma­dyk Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­di, bu ýer­de ägirt uly “Ak öý” se­leň­läp gö­rün­ýär.

Ak öý ga­dy­my ýö­rel­ge­le­re, hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýar. El­bet­de, ol in­di ga­dym­dan bä­ri ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň or­nu­ny tut­ma­ýar, em­ma bu we­zi­pä­niň çäk­le­rin­den çyk­mak bi­len, ýö­rel­ge­le­re, maş­ga­la sü­tün­le­ri­ne, öý-oja­gy­na, je­bis­li­ge we­pa­ly­ly­gyň be­ýa­ny­na öw­rül­di. Türk­men hal­ky­nyň dü­şün­je­sin­de “Ak öý” öz­bo­luş­ly aňy­ýet dün­ýä­si­ni aň­lad­ýar, onuň aý­law bin­ýa­dy Gü­nüň ny­şa­ny bo­lup, dur­mu­şyň, pä­him-paý­ha­syň, ru­hy baş­lan­gyç­la­ryň mil­li­li­gi­ni aň­lad­ýar.

Şu gün “Ak öý” bi­na­sy­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça aý­ra­tyn köp adam­ly, joş­gun­ly aý­dym-saz­lar ýaň­lan­ýar. Bir ha­ta­ra dü­zü­len hem-de ýaş­la­ryň gur­şap alan hiň­ňil­dik­le­rin­den şa­dy­ýan gül­ki ses­le­ri eşi­dil­ýär. Hiň­ňil­dik­ler­de öz­bo­luş­ly uç­mak ru­hy tä­miz­le­ýiş dä­bi bo­lup, ol tä­ze güýç-kuw­wat hem-de nu­ra­na duý­gu­la­ry oýar­ýar.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedowy Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri gar­şy­la­ýar.

Mil­li ly­bas­ly gyz­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy nu­ra­na baý­ram bi­len gut­lap, gül des­se­le­ri­ni gow­şur­ýar­lar.

Mil­li Li­de­ri­miz we beý­le­ki da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ýo­lug­ra bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­sy­ny syn­lap, jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän bi­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy­lar.

Bu ýer­de gün­do­gar er­te­ki­si­ni ýat­lad­ýan tä­sin ak öý­ler öz ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar. Giň ýaý­la uly baý­ram­çy­lyk to­ýy üçin aja­ýyp sah­na öw­rül­ýär, türk­men oba­sy­nyň ga­dym­dan gel­ýän dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz dü­züm­le­ri onuň be­ze­gi bol­dy. Se­net­çi­lik us­sa­ha­na­la­ry we söw­da dü­kan­la­ry bu oba­nyň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­dyr, şo­la­ryň tö­we­re­gin­de köp adam­ly dur­muş joş­ýar, bu gör­nüş ga­dy­my şä­her­le­riň, ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň üs­tün­den geç­ýän söw­da ýol­la­ry­nyň ug­run­da peý­da bo­lan gün­do­gar ba­zar­la­ry­ny ýat­lad­ýar. Aý­dyň öwüş­gin­li na­gyş­lar hem-de söw­da­gär­le­riň ça­gy­ryş­la­ry­na bes­le­nen türk­men oba­sy­nyň dur­mu­şy­nyň tä­sin dün­ýä­si­ne ara­la­şyp, onuň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny duý­mak bol­ýar.

Bag­şy­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän ga­dy­my mu­kam­la­ry baý­ram­çy­lyk çä­re­si­ne aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy, ola­ryň tö­we­re­gi­ne diň­leý­ji­ler ýyg­nan­ýar. Aňyr­rak­da bol­sa päl­wan­lar bäs­leş­ýär hem-de şa­dy­ýan mil­li oýun­lar ýaý­baň­lan­ýar, ga­dy­my dö­wür­ler­de şeý­le oýun­lar üçin aý­ra­tyn ýer­ler bel­le­nip­dir. Bu ýer­de ýet­gin­jek­ler ýag­ly­ga to­wus­mak oý­ny bo­ýun­ça bäs­leş­ýär, kim has ýo­ka­ry bö­küp, ýag­ly­ga eli­ni ýe­tir­se, ýe­ňi­ji ha­sap edil­ýär, og­lan­jyk­lar bol­sa, aşyk oý­na­ýar­lar, “aý­te­rek-gün­te­rek” oý­nun­da güýç sy­na­nyş­ýar­lar. Spor­tuň mil­li we hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ýur­du­myz­da, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­de ösüş­le­re eýe bol­dy.

Aňyr­rak­da ojak­lar­dan gö­te­ril­ýän tüs­se as­ma­na gal­ýar, bu ýer­de dür­li ta­gam­lar hö­dür edil­ýär, şo­la­ryň hoş­boý ysy tö­we­re­ge ýaý­ra­ýar, owa­dan na­gyş­ly sa­çak­lar ýa­zyl­ýar. Us­sat aş­pez­ler mil­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ga­dy­my usul­la­ry­ny ele alan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär­ler, myh­man­la­ra ta­gam­lar­dan da­dyp gör­mek hö­dür edil­ýär.

Ägirt uly “Ak öý” bi­na­sy­nyň daş-tö­we­re­gi­ni baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len ak öý­le­riň ha­ta­ry gur­şap al­ýar. Bu ýer­de ga­dy­my des­sur­lar hem-de adat­lar gaý­ta­dan jan­lan­ýar, ga­dy­my se­net­ler, el iş­le­ri gör­ke­zil­ýär, halk dö­re­di­ji­li­gi äheň­le­rin­de sah­na­lar go­ýul­ýar.

Aja­ýyp be­dew­le­re at­la­nan türk­men ji­git­le­ri, ýö­ri­te agyl­lar­da­ky go­ýun­lar we dü­ýe­ler bu aja­ýyp gör­nü­şe öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­ýar. Ena­ýy­ja kö­şe­jik­ler öz ene­le­ri­ne gys­myl­jy­ra­ýar­lar, dü­ýe­ler bol­sa te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ra äw­mez­lik we asu­da ga­ra­ýar­lar.

Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky şu gün­ki da­ba­ra­lar ýa­ly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­na, hal­kyň ta­ry­hy tej­ri­be­si­niň çuň­ňur­ly­gy­na hem-de gym­mat­ly­gy­na dü­şün­mä­ge, ene top­rak hem-de tu­tuş dün­ýä bi­len bir bi­te­wü­li­gi duý­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ köp­çü­lik­le­ýin des­sur­la­ry ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen bi­na bar­dy, bu ýer­de Gur­ban baý­ra­my­nyň il­kin­ji gü­ni Ha­jy-Ar­ka­da­gy­myz Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny ber­di.

Sa­da­ka be­ril­ýän ýe­re Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ymam­la­ry, paý­tag­ty­my­zyň we we­la­ýat­la­ryň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry, ýur­du­my­zyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­mi­niň ag­za­la­ry we beý­le­ki­ler ýyg­nan­dy­lar.

Ta­gam çe­ki­lmezin­den öň döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­len­di.

Şu gün dün­ýä­niň äh­li mu­sul­man­la­ry üçin nu­ra­na hem mu­kad­des baý­ram bo­lan Gur­ban baý­ra­my baş­lan­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy. Bu baý­ram ýur­du­myz­da äh­li­halk baý­ra­my hök­mün­de üç gün­läp döw­let de­re­je­sin­de giň­den hem-de da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýär.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow hem­me­le­ri Gur­ban baý­ra­my bi­len gut­lap, “Gur­ban baý­ra­my­ňyz gut­ly bol­sun, gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­ňyz ka­bul bol­sun!” diý­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ki da­ba­ra­la­ryň Now­ruz ýaý­la­syn­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ýaý­la­nyň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ýan, mil­li toý-baý­ram­la­ry­my­zyň giň­den bel­le­nil­ýän ýe­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni nyg­ta­dy. «Ak öý» bi­na­sy bol­sa bi­ziň mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zyň ny­şa­ny­dyr. Ol mi­ze­mez döw­le­ti­mi­ziň her bir öý-oja­gyň aba­dan­çy­ly­gyn­dan baş­lan­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Öň hem bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, türk­men hal­ky gur­sa­gy Al­la­ly halk­dyr. Bi­ziň hal­ky­myz ys­la­myň gym­mat­lyk­la­ry­ny özü­niň ru­hy baý­lyk­la­ry bi­len ut­gaş­dy­ryp, asyl­ly däp­le­ri­ni ne­sil­le­re mi­ras go­ýan halk­dyr. Bu ha­ky­kat Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de has-da aý­dyň gö­rün­ýär. Bu baý­ram­da hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­li­gi, ru­hy päk­li­gi, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sy­la­gy do­ly ýü­ze çyk­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.

Gur­ban baý­ra­myn­da mäh­ri­ban hal­ky­myz dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­lap, toý sa­çak­la­ry­ny giň­den ýaz­ýar. Adam­lar be­re­ket­li sa­çak­la­ryň ba­şyn­da di­dar­laş­ýar­lar we ýag­şy do­ga-di­leg­le­ri ed­ýär­ler. Oba-şä­her­le­ri­miz­de hiň­ňil­dik­ler gur­na­lyp, toý da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry öz çy­kyş­la­ry bi­len baý­ram­çy­ly­gyň şat­lyk-şow­hu­ny­ny art­dyr­ýar­lar.

Döw­rü­mi­ziň rys­gal-be­re­ke­di­ni, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny gör­kez­ýän bu baý­ram ag­zy­bir hal­ky­my­zy has-da je­bis­leş­dir­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.

Gur­ban baý­ra­my ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň, ar­zuw-umyt­la­ryň, be­lent mak­sat­la­ryň baý­ra­my­dyr. Baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da, däp bol­şy ýa­ly, türk­me­nis­tan­ly zy­ýa­rat­çy­la­ryň uly to­pa­ry Mek­gä we Me­di­nä haj par­zy­ny ber­jaý et­mek üçin Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na ug­ra­dyl­dy. Mu­nuň özi bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yn­san­per­wer­lik we ru­hy-ah­lak däp-des­sur­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Wa­tan­daş­la­ry­myz mu­kad­des Kä­be­de Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy, hal­ky­my­zyň ro­waç­ly­gy üçin Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg ed­ýär­ler.

Gur­ban baý­ra­my türk­men dün­ýä­si­niň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Hal­ky­myz bu ga­dy­my baý­ra­myň ma­ny-maz­mu­ny­na mil­li ynan­jy­ny, ada­ty­ny, däp-des­su­ry­ny siň­di­rip­dir. Şo­ňa gö­rä-de, ýaş ne­sil­ler­de wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ha­lal­lyk, dost­luk, we­pa­ly­lyk, ula hor­mat goý­mak ýa­ly asyl­ly hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­de hem bu baý­ra­myň or­ny ulu­dyr.

Biz 2018-nji ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýip yg­lan et­dik di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di. Biz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny gaý­ta­dan di­kelt­mek bi­len, türk­men döw­le­ti­ni yn­san­per­wer­li­giň, iň asyl­ly mak­sat­la­ryň döw­le­ti hök­mün­de hem dün­ýä ta­nad­ýa­rys.

Hal­ky­my­zyň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri, is­leg-ar­zuw­la­ry, däp-des­sur­la­ry döw­le­tiň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýar. Şol hä­si­ýet­ler pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak­dyr, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk et­mek­dir, bi­rek-bi­re­ge hor­mat-sar­pa goý­mak­dyr, ag­zy­bir­lik­dir, her bir iş­de adam mer­te­be­si­ni be­lent­de tut­mak­dyr. Bu­la­ryň äh­li­si döw­le­ti­mi­ziň için­de we da­şyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Biz dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny sak­la­ýa­rys, pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň düýp bin­ýa­dyn­da hem bi­ziň mil­li ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz du­ran­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, bi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk ýo­lu­myz dün­ýä­de gyz­gyn gol­daw tap­ýar. Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow nyg­ta­dy.

Bu ösüş­le­riň äh­li­si hem ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­si­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gün­ler ýur­du­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my­na-da giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi­ni bel­läp, şo­nuň öňü­sy­ra­syn­da bol­sa paý­tag­ty­myz­da Halk mas­la­ha­ty­nyň il­kin­ji mej­li­si­ni ge­çi­re­ris di­ýip aýt­dy. Halk mas­la­ha­ty jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, bi­ziň bi­te­wü­li­gi­mi­ziň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly däp-des­sur­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, hal­ky­my­zyň öz yk­ba­ly­ny özi kes­git­le­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­ke­zer. Ak gel­je­ge uza­ýan ösüş ýo­lu­myz­da tä­ze göz­ýe­tim­le­ri açar.

Bi­ziň ýo­lu­myz hal­kyň ýo­lu­dyr. Hal­kyň ýo­ly bol­sa Ha­kyň, ha­ky­ka­tyň ýo­lu­dyr. Mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­ziň hem­mä­mi­ziň is­leg-ar­zuw­la­ry­my­zy we mak­sat­la­ry­my­zy, ine, şeý­le ha­ky­kat­da jem­le­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz hem­me­le­ri ýe­ne-de bir ge­zek baý­ram­çy­lyk bi­len gut­lap, Gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ryň, ýag­şy do­ga-di­leg­le­riň ka­bul bol­ma­gy­ny di­leg et­di.

Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si­ne te­bä­rek çy­kyp ber­me­gi ha­ýyş et­di.

Te­bä­rek çy­ky­lan­dan soň, mil­li ta­gam­lar çe­kil­di.

Gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­na gat­na­şy­jy­la­ra na­har çe­ki­lip, duz-ta­gam da­dy­lan­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň müf­tü­si toý tö­wi­ri­ni et­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow ýyg­na­nan­la­ryň äh­li­si­ni röw­şen Gur­ban baý­ra­my bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, bu baý­ra­myň her bir öý­de we maş­ga­la­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni, şat­lyk hem-de je­bis­lik ge­tir­me­gi­ni, hal­ky­my­zyň gel­jek­de-de aba­dan we asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­na­dan çy­kyp, bu ýer­de ýaý­baň­la­nan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­sy­ny syn­la­dy.

Bu ýer­de ýur­du­my­zyň her bir we­la­ýa­ty özü­niň saz­ly-et­nog­ra­fi­ýa çy­ky­şy­ny gör­kez­di, onuň mak­sat­na­ma­sy­na halk aý­dym-saz­la­ry, ga­dy­my däp-des­sur­lar şöh­le­len­di­ril­ýän to­ma­şa­lar gi­ri­zil­di. Aý­dyň öwüş­gin­li çy­kyş­lar türk­men hal­ky­nyň baý mi­ra­sy­ny, köp­ta­rap­la­ýyn dö­re­di­ji­lik ze­hi­ni­ni açyp gör­kez­di. Şol wagt­da ýaş­lar mil­li oýun­la­ry hem-de de­giş­me­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler, şol çy­kyş­lar şa­dy­ýan we joş­gun­ly aý­dym­lar bi­len ut­gaş­dy.

Se­net­kär­le­riň iş­le­ri­niň, ol ýa-da beý­le­ki se­bi­te ga­dym­dan mah­sus bo­lan aý­ra­tyn usul­lar bi­len taý­ýar­la­ny­lan mil­li ta­gam­la­ryň gör­ke­zil­me­gi bu ýer­de gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk to­ma­şa­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di.

Soň­ra Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow “Ak öý” bi­na­syn­da Hö­kü­me­tiň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di.

Mej­lis ta­mam­la­nan­dan soň, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Now­ruz ýaý­la­syn­da gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, bu ýer­den ug­ra­dy.

***

Türk­me­nis­tan­da nu­ra­na Gur­ban baý­ra­my şat­lyk-şow­hun bi­len gar­şy­lan­dy. Şu gün­ler tu­tuş ýur­du­myz­da gu­ral­ýan da­ba­ra­lar ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na nur çaý­dy, ru­hy gym­mat­lyk­lar, asyr­la­ryň pä­him-paý­ha­sy bi­len baý­laş­dyr­dy, aý­dym-saz­lar, ga­dy­my däp-des­sur­lar be­ze­di hem-de köp san­ly ýat­dan çyk­ma­jak aja­ýyp duý­gu­la­ry we tä­sir­le­ri ba­gyş et­di.

Düýn baý­ram­çy­lyk kon­sert­le­ri we beý­le­ki da­ba­ra­ly çä­re­ler ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň mer­kez­le­rin­de hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. (TDH)



Degişli Habarlar