Türkmenistanyň Prezidenti serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de harby tälim okuwlaryny synlady

1030256
Türkmenistanyň Prezidenti serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ir bilen serhet birikmesiniň ýanyndaky meýdança gondy.

Milli Liderimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew hormatly Prezidentimize hasabat berýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna tarap ugraýar. Bu toplum Ýaragly Güýçleriň täze gurlan ähli binalary ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, şol sanda harby ulgamda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şol özgertmeler ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünlerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda öňdebaryjy söweş hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryna eýe bolýan harby edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

...Baş girelgäniň öňünde Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary nyzama düzüldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy serhet birikmesiniň şahsy düzümi mähirli garşylaýar.

Harby gullukçylar Belent Serkerdebaşymyza: “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýip, jogap berýärler.

Milli Liderimiz serhetçileri serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmagy, şeýle hem Serhetçiler güni bilen gutlap, jogapkärli wezipäni — ata Watanymyzyň dostluk we doganlyk serhetleri bolup durýan çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Serhet birikmesiniň şahsy düzümi: “Ura!” diýip, birnäçe gezek gaýtalaýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhet birikmesiniň baş girelgesine gelýär.

Dabaraly pursat gelip ýetýär — milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, serhet birikmesiniň täze toplumyny açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna gelýär, bu ýerde ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi we harby okuwlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi. Milli Liderimiz täze aragatnaşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezi bilen tanşyp başlaýar.

Ýörite monitorda serhet birikmesiniň degişli çäklerine gije-gündiziň dowamynda wideogözegçiligi amala aşyrýan enjamlaryň işleýşi görkezilýär. Harby gullukçylaryň ygtyýarynda döwlet serhediniň her bölüminde islendik ýagdaýa dessin täsir etmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy tehnologiýalar bar. Serhet birikmesi boýunça nobatçy Belent Serkerdebaşymyzy Maglumat merkeziniň enjamlarynyň tehniki häsiýetnamalary we iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrýar.

Milli Liderimiz nobatçy bilen söhbetdeşlikde häzir serhet goşunlarynda ýokary hünärli, öz işini bilýän, syýasy taýdan sowatly, çylşyrymly, döwrebap harby tehnikalary, enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýan serkerdeleriň täze nesliniň kemala gelendigini belledi. Serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň öňünde durýan esasy wezipe Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, edermen harby gullukçylaryň beden, taktiki we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, daşary ýurtlar bilen amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk hem-de özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty giňeltmek, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň çäklerini dostluk we doganlyk serhetlerine öwürmek işinde Watan goragçylarynyň hyzmatyny belläp, Döwlet serhet gullugynyň serkerdesine täze öýüň açaryny gowşurdy.

Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýokary amatlykly jaýlary we beýleki durmuş maksatly möhüm desgalary gurmak hakynda yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildiren harby gullukçy geljekde hem ata Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine ynandyrdy.

Toplumyň dolandyryş binasynda dürli çäreleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, serhetçileriň hyzmatynda ähli amatlyklary bolan iş otaglary, kitaphana, gulluk we durmuş maksatly beýleki otaglar bar.

Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň täze toplumynyň desgalary bilen tanyşmagy dowam etdi.

Belent Serkerdebaşymyz binanyň birinji gatynda ýerleşen esgerleriň ýatakhanasyna barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz serhetçileriň gün tertibi we olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Milli Liderimiz ýaşaýyş jaýyny synlap, bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýaş esgerleriň ýaşamagy we dynç almagy, gullukdan boş wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilmeginiň wajypdygyna çekdi, şeýle hem serhetçileriň durmuş üpjünçiligi, olary zerur zatlar bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Bu ýerdäki naharhanada tagamly naharlar taýýarlanylýar, çörek bişirilýän peçde bolsa serhetçiler ýylyjak çörek bilen gündelik üpjün edilýär.

Serhet birikmesiniň düzümine halkara ölçeglere kybap gelýän, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi girýär. Bu ýerde serhetçilere ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur zatlar göz öňünde tutuldy.

Serhet birikmesiniň çäginde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdança hem göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek bilen, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine uly üns berýär. Beýleki düzümlerde bolşy ýaly, milli goşunymyzda hem şahsy düzümiň beden we hünär taýýarlygyny üpjün etmek, sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Şeýle hem topluma durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamlary girýär.

Durmuş ulgamy ýurdumyzda amala aşyrylýan, goşunlaryň ähli kysymlaryny gurşap alan harby özgertmeleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzir ýurdumyzda harby şäherjikleriň, täze serhet galalarynyň gurulmagy bilen bir hatarda, harby gullukçylar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Bu ýerde hem ýaşaýyş jaýlary gurlup, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Öýler mebeller, öňdebaryjy önüm öndürijileriň durmuş tehnikalary bilen üpjün edildi. Çagalar üçin oýun meýdançasy göz öňünde tutuldy.

Täze öýlere göçüp gelenler hormatly Prezidentimize serhetçiler barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şunuň ýaly hemmetaraplaýyn ägirt uly işleri, adam hakyndaky aladany döwlet wezipeleriniň ileri tutulýan derejesine ýetirilen Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de hemmetaraplaýyn ösüşiniň görkezijileriniň biri bolup durýandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplum bilen tanyşlykdan soň, hemmeleri Serhetçiler güni bilen gutlap, ata Watanymyzyň mukaddes araçäklerini mynasyp goramakda asylly gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby-ulag tehnikasynyň açaryny sowgat hökmünde gowşuryp, döwletimiziň serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny we harby gullukçylaryň hem-de serhetçileriň mynasyp gulluk etmegi hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini nygtady.

Soňra Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy okuw-türgenleşik meýdançasyna ugrady, bu ýerde ilkinji gezek harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň görkezme çykyşlary guraldy.

Bu ýerde milli Liderimizi ýaragly düzümleriň ýolbaşçylary garşylaýarlar. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimize hasabat berýär.

Häzir ýaragly düzümleriň ähli bölümlerinde esgerleri harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden taýýarlygyny, öňdebaryjy söweş tehnikalarynyň we ýaraglarynyň dürli görnüşlerine erk etmek hem-de dolandyrmak endiklerini kämilleşdirmek boýunça taktiki okuwlar we çäreler yzygiderli guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýaraglaryň dürli görnüşlerinden okuw atyşyklaryny geçirdiler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň nyşanany dürs urmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýaraga ussatlyk bilen erk edýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylaryň biriniň haýyşy boýunça nyşana gol çekýär hem-de Döwlet serhet gullugynyň muzeýine gowşurýar.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara ýüzlenip, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzümleriniň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagynyň harby gullukda ýokary görkezijileri gazanmagyň hem-de söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy talaplarynyň biridigini belledi. Bu ugurda geçirilýän işler netijeli häsiýete eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz geljekde hem esgerleriň watançylyk terbiýesini artdyrmak, ýaş esgerleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Bularyň hemmesi Watan goragçylarynyň beden taplygyny we ahlak ruhuny ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň şahsy göreldesi edermenligiň hem-de Watanymyza we mähriban halkymyza bolan çäksiz söýginiň mekdebi bolup hyzmat edýär. Edermenlik, gaýduwsyzlyk, islendik harby tehnikany dolandyrmak harby edaralaryň şahsy düzümi üçin nusga alarlyk mysal bolup durýar. Bu aýratynlyklary döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna baranynda, şahsy göreldesinde görkezýär.

Ýörite meýdançada ýörite düzümleriň esgerleri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna döwrebap tehnikalary we enjamlary netijeli ulanmakda ýokary ussatlyklaryny, ýaraglara hem-de söweş sungatyna erk etmekde başarnyklaryny, başa-baş söweşiň dürli tilsimlerini hem-de jenaýatçylary ele salmakda gulluk itlerini peýdalanmak başarnyklaryny görkezdiler.

Harby gullukçylaryň ähli ugurlardan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini goramak häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar. Öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleriň hötdesinden gelmegi başarýan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berilýär. Ýokary okuw mekdepleri açylýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri üçin zerur serişdeler bilen üpjün edilen täze binalar toplumlary gurulýar we ulanmaga berilýär. Harby gullukçylar ýörite endikleri özleşdirip, çylşyrymly döwrebap söweş tehnikalaryny, enjamlary ussatlarça dolandyryp, ýurdumyzyň ygtybarly goralmagyny üpjün edýärler.

Merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerip, köp asyrlyk taryhynda türkmen halky tarapyndan kemala getirilen harby däpleri hem-de harby sungaty dowam edip we kämilleşdirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri maddy-enjamlaýyn binýady ýokary derejede döwrebaplaşdyrylan goranyş häsiýetli söweşjeň ukyply goşuna öwrüldi. Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan iri möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde milli harby hünärmenleriň täze nesli kemala geldi.

Ozal şu okuw-türgenleşiginde hem aýratyn maksatnama boýunça taýýarlyk geçen ýurdumyzyň ýaragly düzümleriniň ýörite maksatly bölümleriniň harby gullukçylary ilkinji gezek bilelikde ussatlyklaryny görkezýärler. Bu bölümler öňdebaryjy taktikalary we täze tehniki serişdeleri peýdalanmak bilen, tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Bu toparlaryň şahsy düzüminiň söweşjeň, nazaryýet we beden taýýarlygynyň ýokary derejesi ýörite bölümleriň esasy tapawutlandyryjy alamatydyr. Söweşjeň wezipeler çözülende, dessinlik, işiň dowamlylygynyň çäklendirilen döwri, gujurly hem-de çalt hereketi ugur edinmek, ykjamlyk we çakganlyk ýörite maksatly toparlaryň işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar.

Aýratyn maksatly toparyň birikmeleriniň esgerleri beden we ýörite taýýarlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar, jogapkärli wezipeleri dessine çözmegi başarýan Ýaragly Güýçleriň dürli goşunlarynyň nusgalyk bölümleri hasaplanylýar.

Görkezme çykyşlaryna paraşýutçylar topary başlaýar. Olar çylşyrymly howa şertlerinde edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezdiler. Asmanda söweş dikuçarlary peýda bolýar, ýörite düzümleriň esgerleri olardan böküşi amala aşyrýarlar hem-de belli bir belentlikde howa giňişliginde Döwlet baýdagyny ýaýýarlar. Harby gullukçylar ýere düşüp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berýärler.

Soňra okuw-türgenleşik meýdançasynda beýleki bölümleriň esgerleri hünär taýýarlygynyň derejesini görkezýärler. Olar sowuk ýaraga hem-de söweş sungatyna erk etmek başarnygyny we başa-baş söweşleriň dürli tilsimlerini ýokary ussatlyk bilen görkezýärler.

Şeýle hem esgerler ulag serişdesini bikanun eýelän topary ýok etmek boýunça hereketleri başarnykly görkezdiler. Ýörite maksatly bölümleriň biriniň esgerler topary döwrebap söweş ýaraglaryna, şol sanda dürli aralykdan snaýper ýaragyna erk etmek başarnygyny görkezip, nyşanany urdy. Tabşyrygyň barşynda uçarmansyz enjamlar hem netijeli ulanylyp, şolaryň kömegi bilen garşydaşyň esasy söweşjeň nokady ýok edildi.

Görkezme okuwlaryny beýleki ýörite maksatly bölümler dowam etdi.

Bilelikdäki taktiki hereketleriň barşynda ýörite bölümleriň harby gullukçylarynyň hüjümiň we partlatmak synanyşygynyň dessine hem-de ýitgisiz öňüni almak başarnygy görkezildi. Şertli garşydaşyň ulag kerwenini ýok etmek boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilýän mahaly, söweş dikuçarlary hem-de ýöriteleşdirilen harby ulaglar gatnaşdy, şeýle hem iň täze gorag serişdeleri, tehniki enjamlar hem-de ýaraglaryň döwrebap nusgalar peýdalanyldy.

Soňra okuwlary ýörite maksatly bölümleriň ýene-de biri dowam etdi. Olara ýolagçy demir ýol düzümini ele salan terrorçylar toparyny ýok etmek hem-de girewe alnan adamlary boşatmak tabşyryldy. Degişli gulluklaryň utgaşykly hereketleri netijesinde ýörite maksatly düzümiň bölümi gysga wagtyň içinde öňde goýlan wezipä hötde geldi.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýörite maksatly bölümleri dürli päsgelçiliklerden, şol sanda barmasy kyn we tebigy taýdan çylşyrymly ýerlerden geçmek başarnygyny hem-de sowuk ýaraga erk edişlerini we başa-baş söweşiň tilsimlerini görkezdiler. Bularyň ählisi häzir türkmen esgerleriniň edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezip, öňlerinde goýlan söweşjeň wezipeleri üstünlikli çözýändikleriniň tassyknamasydyr.

Döwrebap tehniki üpjünçilige garamazdan, serhetde ýörite öwredilen itleriň kömeginden peýdalanmazlyk mümkin däl. Olar serhetçiler bilen birlikde her gün gulluk wezipelerini alyp barýarlar. Türkmenistanda itlere ideg etmegiň däpleriniň hem, atlara ideg edilişi ýaly, gadymy kökleriniň bardygyny bellemek gerek. Türkmenleriň gadymy ata-babalary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen goragçy itleriň — meşhur alabaý we ýyndam tazy tohumlarynyň bütin dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýandygy ýöne ýerden däldir. Ata-babalarymyzyň tejribelerine gulluk itlerini terbiýeleýän biziň günlerimiziň itleri öwrenijileri häzirki wagtda uly isleg bildirýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki okuwlaryň maksatnamasyna şertli jenaýatçyny saklamak boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişini görkezmek girizildi. Munuň üçin itleriň ýörite türgenleşdirilen görnüşleri ulanylýar. Olar agtaryş häsiýetleri babatda tapawutlanýar — birnäçeleri açyk ýerde uzak wagtlap aňtamaga, beýlekileri binanyň içinde tabşyryklary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Häzirki okuwlarda «owçarka» itleriniň ukyplary görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşyk boýunça Hazar deňziniň türkmen zolagynda geçirilen okuwlaryň barşyna gözegçilik etdi. Bu okuwlara harby-deňiz güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň dürli kysymly gämileriniň, Türkmenistanyň Harby-howa güýçleriniň uçarlarynyň we dikuçarlarynyň toparlary, ýurdumyzyň harby düzümleriniň ýörite maksatly bölümleri gatnaşdylar. Harby esgerler şu günki okuwlaryň barşynda öňlerinde goýlan wezipäni takyk ýerine ýetirip, ata Watanymyzyň deňiz çäkleriniň ygtybarly goralýandygyny, bu gün öz bilimlerini kämilleşdirýän, döwrebap deňiz tehnikalaryny, enjamlaryny we ýaraglaryny ussatlyk bilen dolandyrýan harby deňizçilerimiziň netijeli gulluk edýändigini aýdyň görkezdiler.

Öňde bellenilişi ýaly, milli Liderimiz dört nyşanany takyk urmak bilen, şu gün nobatdaky gezek söweş ýaragyna erk etmegiň ýokary ussatlygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz şolaryň her birine şu günki waka barada ýadygärlik hökmünde gol çekip, olary Goranmak ministrliginde, Içeri işler ministrliginde we kazyýet edaralarynda saklamak üçin gowşurdy.

Okuwlar tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti ýokary söweş başarnyklary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirdi hem-de geçirilen görkezme okuwlarynda ussatlyklaryna ýokary baha berdi. Ýörite maksatly bölümleriň harby gullukçylary milli goşunymyzyň harby bölümlerini döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylara mynasyp durmuş şertlerini döretmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyza mundan beýläk-de wepaly we ynamly gulluk etjekdiklerini, halkymyzyň asuda durmuşynda mukaddes serhetlerimiziň goragynda sak durjakdyklaryny ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.(TDH)



Degişli Habarlar