«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli boýunça mediaforum

Çärä şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek awtomobil ýaryşyny guraýjylar hem-de oňa gatnaşyjylar, iri daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar

1026273
«Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli boýunça mediaforum

Düýn Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek awtomobil ýaryşyny guraýjylar hem-de oňa gatnaşyjylar, iri daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Italiýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Rumyniýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan Türkiýeden, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan gelen žurnalistler wekilçilik etdiler.

Forumyň açylmagynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň gatnaşan saýlama ýaryşlary hem-de synag ýaryşlary hakynda wideofilm görkezildi. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz nesihatçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dürli sport görnüşlerinde, şol sanda awtomobil sportunda ýokary görkezijileri gazanan görnükli türgendir.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary A.Myradow giriş sözünde milli Liderimiziň başyny başlan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň barşy hakynda gürrüň berdi. Ol şu ýylyň 9 — 14-nji sentýabrynda geçiriljek bu çäräniň ýurdumyzyň sportunyň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirmek bilen, meşhur “Afrika Eko reýs” awtoralli ýaryşlarynyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlessere söz berdi.

Sport dünýäsinde sport awtoulaglary toparynda awtomobil ýaryşlary boýunça dünýäniň birnäçe gezek çempiony, “Pariž-Dakar” rallisiniň iki gezek ýeňijisi Žan-Lui Şlesser dünýäniň sport toparlarynda uly gyzyklanma döreden Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek halkara awtomobil ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we şolary geçirmek boýunça çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi. “Şunuň netijesinde men ajaýyp maksat bilen birleşen täze dostlary edindim, bu maksat awtomobil sportuny diňe siziň ýurduňyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem ýaýmaga kuwwatly itergi berer” diýip, iri halkara ýaryşlarynyň guramaçysy we tanymal türgen belledi.

Ol: “Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň içi bilen geçjek halkara awtorallisiniň bilelikdäki guramaçysy bolmak meniň üçin we biziň toparymyz üçin uly hormatdyr” diýip belledi. “Biz ilkibaşda şeýle gerimdäki ýaryşlary gysga döwrüň içinde taýýarlamak wezipesi çylşyrymly we kyn bolar diýip hasapladyk. Emma türkmen topary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, biz şu güne çenli ýokary netijeleri gazanmagy başardyk”.

Žan-Lui Şlesser “Amul — Hazar 2018” rallini geçirmek yglan edilenden soň, bu ýaryşlarda bäsleşmäge türgenleriň örän köpsanlysynyň gatnaşmaga isleg bildirendigini nygtady. Bu bolsa meşhur türgenleriň diňe bir bu ýaryşa ýokary gyzyklanmasyny däl, eýsem, siziň ajaýyp ýurduňyzyň gaýtalanmajak tebigy gözelliklerini görmäge tüýs ýürekden uly islegleriniň bardygyny görkezýär.

Ulag ýaryşlary gadymda Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugry boýunça Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap geçer. Çölüň giň sähralyklaryndan geçjek ýoluň umumy uzynlygy 1500 kilometrden gowrakdyr. Bu bolsa ajaýyp ralli üçin ýokary derejede laýyk gelýär. Uly ussatlar üçin bu ýaryşlar öz güýçlerini, aýratyn kyn şertlerde ulagy sürmekde emellerini hem-de nawigasiýa başarnyklaryny görkezmegiň hakyky synagyna öwrüler.

Žan-Lui Şlesseriň düşündirişi ýaly, ýaryşyň ugurlary 5 tapgyra bölündi we tizlikli bölegiň her biri ulagy dolandyryjy hem-de toparyň şturmany üçin köpsanly garaşylmadyk ýagdaýlary gizleýär. Bir söz bilen aýdylanda, Garagum sährasy taslamanyň ýüregi bolup, hakyky başdan geçirmeleri gözleýänlere uly tejribe bagyşlar. Türkmen çöli Afrikanyň çöli ýaly birsydyrgyn däldir we islendik adamy haýran galdyryp biljek üýtgeşik täsirleri bolluk bilen eçilýär, çünki bu adamyň hojalyk işiniň täsirini ýetirmedik “janly” ekoulgamydyr.

Ýaryşyň pellehanasy Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşen dynç alyş künjekde-- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolar. Ýaryşa gatnaşyjylar çölüň üýtgeşik çylşyrymly böleklerini geçip, geçmişden şu güne özboluşly syýahaty amala aşyryp, türkmen topragynyň täsir ýerlerini görüp bilerler.

Men “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň uly üstünlik bilen geçjekdigine, oňa gatnaşyjylaryň bolsa siziň ajaýyp ýurduňyza ýene-de gelmäge şat boljakdyklaryna ynanýaryn diýip, Žan-Lui Şlesser aýratyn nygtady. Meşhur ýokary tizlikli awtoulag sürüjisi çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa awtosporty ösdürmäge çäksiz uly goşandy üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary, Awtomobil sporty federasiýasynyň ýolbaşçysy G.Agamyradowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň sport syýasatynyň amala aşyrylmagy barada gürrüň berip, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösüşine ünsi çekdi. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy döredildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilen “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi ilkinji iri ýaryşlaryň biri boldy. Üç ýurduň – Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen bu awtomobil ýaryşynda ýurdumyzyň topary ýeňiji boldy.

Çykyş edýän şu ýyl geçiriljek halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi barada gürrüň bermek bilen, hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň şaýady bolan türkmen türgenlerini gurşap alan buýsanç duýgusyny beýan etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşyň saýlama tapgyryna gatnaşyp, ony ýokary netije bilen tamamlady, çylşyrymly ýoly 10 minut 10 sekuntda geçmegi başardy. Ýatdan çykmajak şol güni ýatlamak bilen, çykyş edýän milli Liderimize “Türkmenistanyň sport ussady” şahadatnamasynyň hem-de “Ýeňijiniň kubogynyň”, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga hukuk berýän şahadatnamanyň gowşurylandygyny belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan ýaryşa on ekipažda döredilen 20 adamyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi, häzir olaryň IIM-niň Awtomobil sporty okuw-türgenleşik merkezinde hem-de Garagum sährasynda taýýarlyk geçýändigi aýdyldy.

Şu güne çenli “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşmaga daşary döwletleriň degişli federasiýalaryna wekilçilik edýän toparlaryň we türgenleriň onlarçasy isleg bildirýändigini tassykladylar.

Soňra mediaforumda Türkmenistanyň syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň bölüm müdiri A.Mämmetnyýazow çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara awtorallini geçirmek boýunça başlangyjy netijesinde, ýurdumyza daşary ýurtly syýahatçylaryň uly toparynyň geljekdigini habar berdi. Biziň topragymyz beýik ösüşleriň sallançagydyr. Ýylýazgyçylaryň belleýşi ýaly, ol “ýedi ýoluň çatrygydyr”. Bu ýerden gadymyýetde Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni gatnaşyklaryna hem örän uly täsir eden söwda ýollary geçipdir.

Beýik Ýüpek ýoly häzir meşhur syýahatçylyk nyşanlarynyň birine öwrüldi, ol biziň günlerimizde hem halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde uly orun tutýar. Ine, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, diňe 2017-nji ýylda dünýäde syýahatçylyk şereketleriniň hyzmatyndan jahankeşdiligi halaýanlaryň 1 million 300 müňüsi peýdalandy. Geçirilen sorag-jogaba laýyklykda, şolaryň köpüsi Beýik Ýüpek ýoly boýunça geçmegi arzuw edýärler.

Gün geçdigiçe, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçiriljek günleri ýakynlaşýar diýip, çykyş edýän sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň daşary ýurtlardan köpsanly syýahatçylary mynasyp kabul etmäge taýýarlanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýolbelet-terjimeçileri taýýarlamak boýunça uly işler geçirildi, syýahatçylyk kärhanalarynyň internet sahypalarynda ýurdumyzyň myhmanlarynyň ýerleşip biljek myhmanhanalary barada maglumatlar çap edildi, olar üçin täze syýahatçylyk ugurlary işlenip taýýarlanyldy, “Amul — Hazar 2018” rallisini tanyşdyryş dabaralary guraldy, tejribe alyşmak maksady bilen, syýahatçylyk ulgamynyň işgärleri Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda guralan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Soňra çykyş eden Ýewraziýada Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşiginiň (IRU) hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy D.Çelsow halkara mediaforumyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli ýöredýän ulag diplomatiýasynyň mynasyp dowamydygyny belledi.

Soňky bäş ýylyň içinde türkmen Lideriniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan öz netijeliligini subut eden halkara ylalaşyklarynyň hem-de konwensiýalaryň esasynda durnukly ykjamlylygy hem-de ulag sazlaşygyny üpjün etmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän möhüm Kararnamalaryň dördüsi kabul edildi.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň nobatdaky möhüm üstünligi boldy. Ol Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanyldy hem-de BMG-niň agza döwletleriniň 193-siniň wekilleri tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Bu Kararnamada durnukly we ekologiýa taýdan arassa hem-de netijeli welosiped ulagyny ösdürmek boýunça anyk maslahatlar berildi, şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de milli ulag strategiýasynda welosiped syýahatçylygyny utgaşdyrmak ündelýär.

IRU durnukly ykjamlygy üpjün etmek, ulag ulgamynda düzgün-kadalary utgaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçmek, şonuň bilen Ýewropany, Aziýany we Ýakyn Gündogary Hazar sebitiniň üsti bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýardam etmek bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine buýsanýar diýip, Ýewraziýada Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşiginiň baştutany aýratyn belledi.

“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň guralmagy Türkmenistanda we tutuş sebitde taryhy Ýüpek ýolunyň ugrunda durnuklylygy we halkara syýahatçylylygyny ösdürmek meselelerine ünsi çekmek üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň bu ugurda gazananlary örän uludyr diýip, çykyş edýän belledi. Aşgabadyň sebitde iri halkara howa menzili hem-de döwrebap ýolagçy terminaly, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan täze demir ýol we awtomobil ýollary üstünlikli hereket edýär. 2018-nji ýylyň maýynda açylan Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz porty Ro-Pax görnüşindäki gämilerde multimodal ýolagçy gatnatmalaryny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Jenap D.Çelsow halkara awtoralliniň geljekde hem ýolagçy gatnatmagyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de Türkmenistanda halkara syýahatçylygyny ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mediaforumyň ajaýyp guralandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de munuň netijeleriniň halkara bileleşiginiň ünsüni Türkmenistanyň çäginden täze görnüşde geçýän gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçiriljek ralli ýaryşlaryna, ulaglary hem-de durnuklylygy ösdürmek meselelerine çekjekdiginiň şübhesizdigini belledi.

Soňra forumda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew çykyş edip, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini wagyz etmek hem-de ýaýlyma bermek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Şu babatda döwlet komiteti hatarynda köp ýurtlaryň žurnalistlerini birleşdirýän halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Mundan başga-da, komitet Rossiýa-24, TRT, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasy, Belarusuň teleradiokompaniýasy we beýleki daşary ýurt teleýaýlymlary bilen özara gatnaşyk edýär. Sport maksatnamalaryndan we gepleşiklerinden başga-da, öňde boljak halkara ýaryşlaryna bagyşlanan 3D ölçegdäki animasiýa filmi taýýarlanyldy. Bu film ýaryşlaryň geçirilýän döwründe görkeziler. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm”birleşigi tarapyndan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikler barada gürrüň berýän dokumental filmler döredildi.

Soňra forumda Rumyniýanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň “Rally Raid” komitetiniň prezidenti Mihail Leonte çykyş etdi. Myhman foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de guramaçylara hoşallyk bildirip, öz ýurdunda şeýle ýaryşlaryň ruhy, rumyn sürüjileriniň toparlary we ýaryşlary barada gürrüň berdi. Şolaryň geçirilmegi netijesinde, Rumyniýa ralli-reýdleriň halkara kartasynda mynasyp orun eýeleýär.

Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylary dünýä belli tanymal sürüjileri ýaryşa çekmek Rumyniýada halkara marafonlary guramakda çylşyrymly wezipeleriň biridir. Emma meşhur türgenler şeýle ýaryşlara gatnaşmak bilen, bu ýurda ýene-de gaýdyp gelýärler, sebäbi onuň tebigatyna, howasyna, halkyna göwün berýärler. Mihail Leonte “Amul — Hazar” türkmen rallisi babatda hem şeýle boljakdygyna ynam bildirdi, çünki biziň myhmansöýer ýurdumyzda ajaýyp tebigy ýerler we gözellikler bar.

Ralli-reýd ýolsuz ýerlerden uzak aralyklara diňe bir köpgünlük ýaryşlar däldir, eger ýaryşlara has içgin garalsa, onda olar baradaky düşünje “başdan geçirme”, “töwekgelçilik”, “berklik”, “aýgytlylyk” ýaly düşünjeler bilen bezelýär. Ýöne hemme zatdan ýokarda dostluk, abraý we toparlaýyn ruh durýar diýip, Leonte nygtady hem-de ýaryşa gatnaşyjylaryň hatarynda hemmeleriň deňdigini we her kimiň, ýagny sürüjiniň, ikinji sürüjiniň, mehanigiň hem-de toparyň beýleki böleginiň goşandynyň wajypdygyny belledi. Çünki üstünligiň esasy syry ussatlykda hem-de hereketlendirijiniň ýagdaýyna düşünmekde, maksada okgunlylykda jemlenýär.

Ýaryş — bu, elbetde, köplenç ýowuz şertlerde ýa-da näbelli ýerlerde, kähalatlarda geçmesi kyn ýerlerde geçýän uly synagdyr. Ýöne hut şeýtmek bilen, ulagyň toparynyň ukyby we häsiýeti, onuň jebisligi hem-de ulagyň çydamlylygy barlanylýar. Dostlugyň hem-de toparlaýyn ruhuň örän möhüm bolan sportuň beýleki bir görnüşi ýokdur, ýeňijiler bolsa, bular pellehana diňe bir ilkinji bolup gelenler däl, gelenleriň hemmesi ýeňijidir. Tagallalar şeýle bir ýokary, ýagny aralygy näçe wagtda geçendigiň möhüm däldir, esasy zat bu işi amala aşyrmakdadyr.

Munuň özi diňe bir özüneçekiji bolman, eýsem, sportuň örän şowhunly görnüşidir diýip, Mihail Leonte sözüni dowam etdi. Kuwwatly ulaglar, ýük ulaglary, tebigy gözellik… ýöne esasy gözellik – bu adamlardyr. Aýratyn adamlardyr. Biz olary “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň geçýän döwründe göreris.

Mediaforumda çykyş eden Türkmenistanyň IIM-niň wekili G.Haldurdyýew amatly geografiki ýagdaýyň ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm serişdesine öwrüldi diýip belledi. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçmegi tötänden däldir. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini guramak wezipesi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň üstüne ýüklenildi diýip, IIM-niň wekili bu ajaýyp taslamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen hem-de bilelikde geçirilýän işler barada gürrüň berdi.

Bu düşelgeleri guramak, kiçi uçarlary, awtomobil ýaryşlaryny goldamaga çekmek, habar beriş serişdeleriniň işini guramak, şeýle hem awtorallini guramakda welaýat häkimlikleriniň goldawyny almak işleridir. Bu maksatlar üçin Guramaçylyk komiteti döredilip, onuň düzümine birnäçe degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary girizildi.

Çykyş edýäniň belleýşi ýaly, düşelgeleriň biri Derweze Ýanardagynyň golaýynda, ýene-de biri Türkmen kölünden uzak bolmadyk ýerde ýerleşdiriler. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşyjylar türkmen topragynyň üýtgeşik, gaýtalanmajak ýerlerini öz gözleri bilen görerler. Ýaryş ýolunyň jemleýji bölegi bolsa, Hazar deňziniň kenaryndan geçer, pellehana bolsa, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bolup, onuň gözelligine daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar baha bererler.

Ýaryşlaryň ýangyn howpsuzlygynyň, tehniki hyzmatlaryň üpjün edilişine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem guramaçylyk komiteti tarapyndan daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylaryň gümrük düzgünlerinden geçmegini hem-de wiza almagyny ýeňilleşdirmek üçin çäreler görüldi.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary G.Begaliýew maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryny jemlemek bilen, awtoulaglary ösdürmek boýunça ministrligiň alyp barýan işleri, şeýle hem “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän çäreler barada gürrüň berdi. Hususan-da, halkara awtorallini geçirmek üçin ministrligiň üstüne ýüklenen çäreleriň ýerine ýetirilmegine jogap berýän topar döredildi, häzirki we geljekki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleriň meýilnamalary işlenip taýýarlanyldy, şeýle hem pudagy ösdürmegiň geljegi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Balkan welaýatyna bolan saparynyň barşynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallä taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy hem-de ýaryşyň ýollarynyň jemleýji tapgyrynda geçirilýän işleriň barşyny gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz “Amul — Hazar 2018” ralliniň ýolunyň jemleýji böleginiň başlanýan ýerine gelip, Türkmenistanyň ekologik ýagdaýa uly ähmiýet berýändigini nygtady. Ekologiki nukdaýnazardan awtomobillerde ulanylýan iň arassa ýangyjy çykarmak boýunça taslamalar ekologik abadançylygy üpjün etmek maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir.

Geljek ekologiýa bilendir diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de şu nukdaýnazardan “Amul — Hazar 2018” ralliniň geçirilmeginiň çäreleriň ähli görnüşleri, şol sanda awtosport boýunça halkara ýaryşlary bilen hem ekologik ýagdaýyň arabaglanyşygynyň möhümdigini nobatdaky gezek tassyklamaga gönükdirilendigine ynam bildirdi. Geçiriljek ýaryşlar hem bizde eko-ralli-reýd diýlip atlandyrylýar diýip, milli Liderimiz ýatlatdy. Bu bolsa öz-özünden düşnüklidir. Mundan başga-da, ýakyn wagtda biz bu ugurdaky işlerimiziň netijelerini görkezeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda suw bilen arassalanan ýangyjy öndürmek boýunça enjamda ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň EKO-5 kysymly ýangyjy öndürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, dessin ýagdaýda zerur bolan işler geçirildi hem-de bu ýangyjyň ilkinji tapgyry çykaryldy.

“BASF” nemes kompaniýasynyň barlaghanasynda ýangyjyň bu kysymynyň synagy geçirildi. Şonuň barşynda oňyn netijeler alyndy. Şu gün mediaforumyň barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen hünärmenleriniň öndüren halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän bu ajaýyp, ekologik taýdan arassa EKO-5 ýangyjynyň nusgalary bilen tanşyp bildiler.

Häzirki wagtda Amul — Hazar 2018” awtorallä gatnaşjak awtoulaglary EKO-5 kysymly dizel ýangyjy bilen yzygiderli üpjün etmek maksady bilen işler alnyp barylýar.

Mediaforumyň barşynda žurnalistler üçin “Amul — Hazar 2018” rallini guraýjylara sowal bermäge mümkinçilik döredildi.

Hususan-da, rumyn metbugatynyň wekili jenap Şlesserden ýaryşlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşjakdygy barada gyzyklandy. “Bu ralli ýaryşy sportuň muşdagy we tarapdary, şeýle hem wideofilmden görşümiz ýaly, ussat sürüji bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýär. Biz bu çärä gatnaşyjylaryň hatarynda hormatly Prezidenti görüp bilerismi?”.

Jenap Şlesser jogap edip: “Biz Prezidentiň gatnaşmagyna örän begenerdik. Onuň gatnaşjakdygyna umyt edýärin. Şeýle bolsa, men örän şat bolardym. Munuň tassyklanmagyna umyt edýärin. Elbetde, gatnaşmak baradaky karary Prezidentiň özi çözer, emma biz, şeýle çözgüde örän begenerdik”.

Şeýle hem Russiýanyň “RIA Nowosti” halkara habarlar agentliginiň habarçysynyň sowalyna jogap edilip, “Amul — Hazar 2018” rallisine gatnaşmaga Russiýadan birnäçe toparlaryň bellige alnandygy barada habar berildi. Olaryň hatarynda, mysal üçin, “G-Force” topary bar. Russiýadan başga-da, bäsdeşleriň bolmagy mümkin, sebäbi bellige almagyň möhleti 10-njy awgusta çenli açykdyr.

Şeýle hem gazagystanly žurnalistiň sowalyna jogap edilip, bu ýurtdan hem seçilip alnan türgenleriň bardygy aýdyldy — olar Gazagystanyň Awtomobil sporty federasiýasyndan 5 topardyr.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) wekili “Amul — Hazar 2018” rallisine meşhur awtomobil sürüjilerden kimleriň geljekdigini sorady. Garaşylyşy ýaly, öňde boljak ýaryşlarda iň görnükli türgeniň biziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bolup biljekdigi barada jogap berildi. Biz muny arzuw edýäris. Bu bolsa biziň ählimiz üçin belent mertebedir. Bütindünýäden gatnaşyjylaryň hatarynda Saud Arabystanyndan Ýazid Al-Raji bolar, Fransiýadan, Angliýadan hem beýleki ýurtlardan abraýly wekiller gatnaşar. Häzirki günde ýaryşa gatnaşyjylaryň sany takmynan 80-e barabardyr. Ýaryşa awtoulaglaryň 20 — 25-si çykar. Bize dürli ýurtlaryň toparlaryndan gelýän haýyşnamalaryň sany günsaýyn köpelýär diýip, guramaçylar sözüni jemlediler. 

Mediaforumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigine gezelenç etdiler. Bu ýerde bir ýyla ýakyn mundan ozal sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň derejesini nobatdaky gezek tassyklan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary uly üstünlik bilen geçirildi.

Paýtagtymyzyň myhmanlary söweş sungatlary desgasynda, üsti ýapyk welotrekde, sportuň suw görnüşleri merkezinde, uly köpugurly zalda boldular hem-de basketbol meýdançasyna baryp gördüler.

Mediaforuma gatnaşyjylaryň biragyzdan pikirine görä, her bir desga we Olimpiýa şäherjigi, umuman, sport binagärliginiň özboluşly görelde alarlyk ajaýyp nusgasydyr. Şeýle sport düzümlerine eýe bolan, Türkmenistan dünýä derejeli iri ýaryşlary geçirmäge mynasypdyr.

Soňra mediaforuma gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda täsin behişdi atlary haýran galmak bilen synladylar. Türkmen halky bedewlerine buýsanyp, olary öz uçar ganaty hasaplaýar. Köpetdagyň eteklerinde ajaýyp tebigy künjekde myhmanlar ak mermerli Aşgabatda we onuň töwereklerinde bolmagyndan özlerinde galan ajaýyp täsirleri ruhubelentlik bilen paýlaşdylar.

Mediaforuma gatnaşyjylar ertir paýtagtymyz, onuň gözel ýerleri bilen tanyşlygyny dowam ederler hem-de Türkmenistanyň IIM-niň awtosport merkezine baryp görerler. (TDH)



Degişli Habarlar