Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi

1010745
Türkmenistanyň Prezidenti «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň iri nebit kompaniýalarynyň biriniň ýurdumyz bilen uzak möhletli özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

Milli Liderimiz dostlukly Tatarystanyň Prezidentine hem-de halkyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasy bilen netijeli döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly üstünlige eýe bolýandygyny belledi. Bu däp bolan gatnaşyklar ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Anyk netijelere gönükdirilen türkmen-tatar gatnaşyklarynyň uly kuwwaty hem muňa ýardam edýär.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu strategiýa bolsa ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ylym bilen bagly önümçilikleri döretmäge, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri çykarmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir. Munuň özi öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, şol sanda ýangyç çig malyny çykarmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek hem-de nebitgaz, himiýa senagaty ulgamlarynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär, tagallalary netijeli birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalara çykmak üçin amatly şertleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda myhman netijeli söhbetdeşlik hem-de türkmen-tatar hyzmatdaşlygy meselelerinde berilýän goldaw üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygyny ýene-de bir gezek nygtady hem-de milli Liderimize ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

***

Şol gün “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiniň agzalarynyň türkmen hyzmatdaşlar bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we häzirki döwrüň ýagdaýyna we geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge umumy gyzyklanma beýan edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça şertnamanyň möhletini uzaltmak hakynda goşmaça ylalaşyga gol çekildi.



Degişli Habarlar