Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Düýn Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy

997827
Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär. Hepdeligiň milli öwüşginler çaýylan çäreleri Türkmenistanyň ýokary gazananlaryny, onuň parahatçylyga we ösüşe tarap okgunly hereketini, halkymyzyň ruhubelentligini we abadançylygyny alamatlandyrýar.
Bu sungat forumy medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda, ozaly bilen bolsa türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de ýer ýüzünde wagyz etmek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşini höweslendirmek boýunça geçirilýän işler barada özboluşly hasabat bolup durýar.

Medeniýet sözüň giň manysynda ýurdumyzda geçirilýän ähli özgertmeleriň many-mazmunyny, gymmatlylygyny kesgitleýär, ynsanperwerlik ulgamynda medeni syýasatyň meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti bu ulgama häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kemala gelmeginde, türkmen halkynyň aň-düşünje hem-de döredijilik kuwwaty esasynda onuň ösdürilmeginde möhüm ugur hökmünde garaýar.

Döwür her ýylda şeýle giň gerimli medeni çäräniň guralmagynyň zerurlygyny hem-de ähmiýetini tassyklaýar, bu çäreler milli sungatyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Bu forum medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylýar, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, bu sene Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen birleşdirilendigini bellemek gerek, munuň özi nesilleriň ruhy dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Köpasyrlyk taryhyň dowamynda medeniýet halkyň milli aňyýetini kemala getirýän esasy gurşaw bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Onuň binýadyny biziň jemgyýetimizi jebisleşdirýän ynsanperwerlik ýörelgeleri düzýär hem-de medeni-ruhy durmuşy baýlaşdyryp, ählumumy gatnaşyklaryň kemala gelmegine we ösdürilmegine ýardam berýär.

Şu gezekki Medeniýet hepdeligi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna beslenýär. Türkmenistan ata-babalarymyzyň baý ruhy mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen, umumadamzat siwilizasiýasynyň hazynasyna uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, “Bu günki gün Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy biziň ählimizi öz halkymyzyň taryhyna ýaňadan nazar aýlamaga iterýär. Şeýle-de milli äheňlere uçursyz uly ähmiýet bermezden, beýleki halklaryň medeniýetine düşünmegi öwredýär ýa-da Beýik Ýüpek ýoluna dahylly ähli taryhyň medeniýetleriniň özara gatnaşygyna daýanýandygyny aýdyň görkezýär. Özara gatnaşyklaryň medeniýeti, medeniýetleriň özara gatnaşygy, ine, Beýik Ýüpek ýolunyň köpasyrlyk tejribesi şonda jemlenendir, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynyň sütüni, daýanç kökleri hem şondadyr. Şulary nazara almak bilen, biz döwürleriň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmäge, halklaryň umumy taryhyny aýap saklamaga hem-de ony düýpli öwrenmäge, ähli ýurtlaryň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmaga çalyşýarys”.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri bütin dünýäde milli sungatymyzy, özboluşly däp-dessurlarymyzy giňden wagyz edip, halklary ýakynlaşdyrýarlar hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly ruhy binýadyny döredýärler. Şu aýyň wakalary hem bu ulgamda medeniýetleriň özara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigine şaýatlyk edýär. Medeniýet hepdeliginiň öň ýanynda Aşgabatda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan festiwal geçirildi, bu kompozitoryň döredijilik mirasy milli we dünýä saz medeniýetiniň iň gowy äheňlerini özünde jemleýär. Şol günler Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň Astanada geçirilen ХIII forumyna gatnaşdy, Hytaý Halk Respublikasynda bolsa ýurdumyzyň Medeniýet günleri badalga alýar.

Şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilýär, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, bu welaýatyň çäklerinde hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň möhüm düzümleri bolan köp sanly ýadygärlikler ýerleşýär, muzeýlerde bolsa türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň, edermenliginiň hem-de gahrymançylygynyň gymmatly subutnamalary saklanylýar.

Ahal welaýatynda Paryzdepe ýadygärligi, Seýit Jemaleddiniň metjidi, Saragt Baba ady bilen belli bolan Abul Fazlyň orta asyr kümmeti, Şähryslam galasy, “Abiwerd” taryhy-medeni goraghanasy, beýleki taryhy ýadygärlikler bar, şolar häzirki wagtda diňe bir taryhçylaryň däl-de, bütin dünýäden gelýän jahankeşdeleriň ýygy-ýygydan barýan ýerlerine öwrüldi.

Medeniýet hepdeligi — 2018-iň açylyş dabarasy ýurdumyzyň şöhratly taryhynyň belli künjegi bolan Ak bugdaý etrabyndaky ajaýyp Ahal ýaýlasynda boldy. Bu künjekde gadymy siwilizasiýalaryň yzlary galypdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda bu ýerlerde ösen ekerançylyk medeniýeti bolupdyr, hut Ahalyň dag eteklerinde bugdaý ekip başlapdyrlar, bedewleriň ady rowaýata öwrülen ahalteke tohumy bu toprakdan gözbaşyny alýar.

Aýawly goralyp saklanylýan medeni gymmatlyklar hem-de ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri ösdürilýär we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar. Ahal ýaýlasynda her ýyl Milli bahar baýramynyň — agzybirligi, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan Halkara Nowruz gününiň çäreleri geçirilýär. Nowruz baýramy bilen baglylykda, bu künjege hem-de türkmenleriň myhmansöýerliginiň, halkymyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasynyň nyşanyna öwrülen ak öý görnüşinde şu ýerde gurlan bina “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” diýlip at berildi.

“Nowruz ýaýlasy” meýdanynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, bu ýere köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Medeniýet hepdeligine gatnaşýan wekiliýetleriň hatarynda belli sahna ussatlary, estrada we halk aýdymçylary, muzeý hem-de kitaphana işgärleri, suratkeşler we şahyrlar, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden meşhur folklor-etnografiýa toparlary bar.

“Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň golaýynda baýramçylyk görnüşinde bezelen ak öýler oturdyldy, şolaryň ýanynda çeper elli zenanlar ýüň egirýärler, keçe basýarlar, beýleki el işleri bilen meşgullanýarlar. Şu ýerde, açyk asmanyň astynda sergiler guraldy, bularda amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň, halk senetçileriniň işleri, şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň durmuşda ulanýan esbaplary, gadymy zähmet gurallary, neşir önümleri görkezilýär.

Döredijilik toparlary, aýdymçylar dabara gatnaşyjylary aýdym-sazlar we tanslar bilen garşylaýarlar. Hemmelere dürli tagamlar hödür edilýär. “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezilýär, olar many-mazmuny hem-de döredijilik taýdan ýerine ýetirilişi babatynda çuňňur millilige ýugrulyp, köpasyrlyk halk däp-dessurlarynyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýär.

Medeniýet hepdeligi — 2018-iň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň hatarynda Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň we ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçiligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet hem-de sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar. Türkmenistanyň Prezidenti döredijilik çäresine gatnaşyjylary forumyň açylmagy bilen gutlap, bu gezekki çäräniň türkmen medeniýetiniň täze häzirki zaman edebiýat we sungat eserleri bilen baýlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berjekdigine, ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine, dünýäde milli medeniýetimiziň, halkymyzyň gadymy gymmatlyklarynyň içgin öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyny uly ruhubelentlik, joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Hepdeligiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň adyndan üstünlikli durmuşa geçirýän oňyn daşary we içeri syýasaty, milli medeniýetimiziň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra sungat ussatlarynyň konserti boldy. Köpöwüşginli çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, köp taraply döredijilik zehinini açyp görkezdi.

Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Ol uly monitorlarda ýurdumyzyň gadymy taryhy hem-de türkmen halkynyň täsin medeni ýörelgeleri baradaky görnüşler bilen utgaşdy. Bu çykyşda artistleriň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna sazlaşýan şekilleri peýdalanmagy baýramçylyk dabarasynyň baş taglymyny — häzirki zaman milli sungatyň köpöwüşginliligini hem-de taryhy-medeni miras bilen aýrylmaz baglanyşygyny, halklary jebisleşdirmekde sungatyň parahatçylyk döredijilik ornuny äşgär etdi.

Soňra sahnada “Arzuwlan döwrüň geldi, Pyragy!” atly täsirli çykyş görkezildi, tomaşaçylaryň öňünde beýik filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň keşbi belende galýar, şahyryň ählumumy agzybirlik we doganlyk baradaky çuňňur, şahyrana setirleri ençe asyrlar geçenden soň hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Çykyşlaryň dowamynda şirin owazlar, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň zamanasyny wasp edýän häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy.

Tomaşaçylaryň köp ýyllaryň dowamynda söýgüsine eýe bolan “Aşyr aganyň hötjetligi” filminden häzirki zaman görnüşinde gaýtadan işlenen sazlar uly täsir galdyrdy, olar şol döwrüň ruhunda goýlan tans bilen utgaşdyryldy.

Tomaşaçylar ýurdumyzyň bäş welaýatynyň bagşylarynyň çykyşlaryny uly üns bilen diňlediler, olar ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerine mahsus bolan, şol bir wagtda hem saz medeniýetiniň baý mazmunyny emele getirýän ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler. Halk aýdymlary ata-babalarymyzyň tejribesini gorap saklamagyň we nesillere geçirmegiň ýoly, dünýe hem-de adam hakyndaky bilimleriň çeşmesi bolup, geçmişi we häzirki döwri birleşdirýär hem-de nurana geljege alyp barýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ylham çeşmesi bolan sungat baradaky eserleriniň esasynda “Ylham dünýäsi” tansly çykyşyň ilkinji gezek görkezilmegi aýratyn buýsançlydyr.

“Näzli” toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetirmeginde “Yşgyň suraty” atly çykyş suratkeşlere bagyşlanyldy. “Bilezik” sazly tans çykyşynda amaly sungatyň ajaýyplygy görkezildi.

Ýomakçy artistleriň çykyşlary konsert maksatnamasyna özboluşly aýratynlyk berdi.

Asylly däbe görä, sungat ussatlarynyň öz hünär baýramyna taýýarlan sahna çykyşlarynyň birnäçesi ilkinji gezek görkezildi. Belli aýdymçylaryň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň — döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň çykyşlary dürli öwüşginlere beslenen baýramçylyk ruhuny döretdi, şunda gadymy aýdym-sazlar biziň döwrümiziň joşgunly estrada äheňleri we nusgawy tans eserleri bilen utgaşdyryldy. Ähli çykyşlar beýan edilýän wakalaryň täsirliligi bilen tapawutlandy, muňa baýramçylyk dabarasynda häzirki zaman tehniki serişdeleriň ýerlikli peýdalanmagy hem ýardam berdi.

Konsertiň ahyrynda “Dehistan” toparynyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-etnografiýa toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Bagtyýarlyk toý namalary” atly täsirli folklor çykyşynda halk arasynda meşhur bolan dessanlaryň gahrymanlary örboýuna galdy. Gadymy “Küştdepdi” tansynda aşyk-magşuklar barada çeper söhbet edilýär, bu tans umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, milli medeniýetiň kuwwatly güýjüni we ruhy sazlaşygyny özünde jemleýär. Aýdyň öwüşginli lybaslar, asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize ýetip gelen aýdymlar we tanslar, medeni ýörelgeleriň dowamatlylyk taglymyny äşgär etdi. (TDH)

“Sungata sarpaňa, sag bol, Arkadag!” atly täze aýdym sungat baýramyny açan konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Aýdymçylar we ähli dabara gatnaşyjylar ör turup, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, türkmen halkynyň zehinine we ylhamyna belent sena bolup ýaňlanan joşgunly aýdymy aýratyn ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Artistleriň çykyşlary Bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň aýratyn sepgitlerini beýan edýän wideogörnüşler bilen utgaşdyryldy.
Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeligi — 2018-iň çäreleri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde dowam etdi. “Bagtyýarlyk joşguny” şygryýet agşamy Türkmenistanyň belli söz ussatlaryny hem-de döredijilik ýoluna başlan ýaş şahyrlary bir ýere jemledi. Onda ata Watanymyza bagyşlanan, ene topragyň gözelligini wasp edýän şahyrana eserler ýaňlandy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň medeniýetiniň ösdürilmegine berýän hemişelik ünsi, ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de olary täze eserleri döretmäge ylham berýän özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki açyk sahna geljek hepdede döredijilik toparlary üçin özboluşly hasabat meýdançasyna öwrüler, bu ýerde şu gün ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde guralýan meşhur aýdymçylaryň hem-de ýaş zehinleriň çykyşlary, nakgaşlyk, amaly-haşam sungaty eserleriniň, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, kino görkezişler, şygryýet agşamlary, maslahatlar hem-de döredijilik duşuşyklary türkmen medeniýetiniň köpugurly aýratynlyklaryny açmaga mümkinçilik berer.

Hepdeligiň ertirki gününiň maksatnamasy beýik türkmen şahyry — akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanýar. Medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ylym we bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän muzeýe baryp görerler, bu ýerde “Magtymguly Pyragy — ýürekleriň buýsanjy” atly duşuşyk geçiriler, şeýle hem şahyryň Gerkez obasyndaky ýadygärligine gül desselerini goýarlar.

Zehinli ýaşlar Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde öz döredijilik başarnyklaryny görkezerler. Welaýat kitaphanasynda onuň işgärleri usulyýet maslahatyny geçirerler, “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda Beýik Ýüpek ýolunyň beýany” diýen kitap sergisi guralar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda geçiriljek “Halk döredijiligi — milli medeni miras” atly çäre saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanar.
Agşamara Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň çykyşy bolar.



Degişli Habarlar