Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

972801
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, milli Liderimizi we tutuş türkmen halkyny ýetip gelen baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de ähli gowulyklary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz ösüşinde dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryna hem-de innowasion tehnologiýalara daýanýan Türkmenistanyň möhüm milli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

“Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hususan-da, dünýäde deňi-taýy bolmadyk möhüm desgany — Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawody gurmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan gazy gaýtadan işleýän döwrebap zawodyň aýratyn möhümdigini belläp, bu giň gerimli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda nobatdaky ädim bolar diýip nygtady. Milli ykdysadyýetimiziň düzüminde onuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni ähli işleriň ýokary hilli we şertnamada bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri Türkmenistanyň Prezidentine bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. (TDH)



Degişli Habarlar