Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär

Düýn Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana —–Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi açyldy

958209
Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär

Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi hem-de iki ýyl mundan ozal güýje giren “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde mümkin boldy.

Serginiň açylyşy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konsert maksatnamasy dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ildeşlerimiziň her bir çykyşynda serginiň mowzugyna kybap gelýän milli öwüşginler äşgär duýuldy. Konsertiň başynda belli türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň sazyna kompozisiýa ýaýbaňlandyrylyp, dutarly tans ýerine ýetirildi. Kompozisiýanyň ahyrynda, gadymdan gelýän ajaýyp däbe görä, milli lybasly gyzlaryň dabara gatnaşyjylara duz-çörek, pişme hödürlemegi bolsa türkmenleriň myhmansöýerlik däpleriniň häzirki wagtda hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Gargy tüýdügiň, dutaryň, skripkanyň we beýleki saz gurallarynyň sazlaşykly owazynyň astynda ýerine ýetirilen saz çemeni bolsa türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny we täsinligini görkezip, dabara aýratyn millilik öwüşginini çaýdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän her bir toýda, baýramçylyk dabarasynda küştdepdi tansy hökman ýerine ýetirilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu gadymy halk tansynyň joşgunly depginine tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

2018-nji ýylyň giň möçberli maksatnamalarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän “Ýüpek ýoly — dostluk ýoly” aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Gadymy Marguşuň çäginde köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar tarapyndan şol gadymy durmuşyň aýdyň subutnamalary tapyldy. Bu ýerde jaýlanan adamlaryň ýanynda goýlan serişdeler hem-de onuň ýaşaýjylarynyň zergärçilik önümleri ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Olar daşdan, demirden, pil süňkünden ýasalan ýokary çeperçilikli önümlerdir. Şeýle hem küýzegärleriň hem-de heýkeltaraşlaryň ussatlyk bilen ulanan toýun palçygyndan edilen ajaýyp görnüşli küýze gaplary we butparazlyga degişli şekiller tapyldy.

Birmahallar ýeriň çuň gatlagynda galan bu gymmatly tapyndylar Türkmenistanyň birnäçe muzeýleriniň gymmatlyklaryna öwrüldi, öýler, şalaryň köşgi we onuň töweregindäki keramatly ýerler “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň desgalary bolup durýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologik gymmatlyklary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde sungatyň ösen derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ägirt uly Goňurdepe oturymly ýeri onuň merkezi bolupdyr. Ol häzirki Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň çäginde ýerleşýär.

Biziň gymmatlyklarymyzyň Berliniň Täze muzeýinde goýulmagynyň çuňňur manysy bardyr. Bu muzeý ýetmiş ýyllyk arakesmeden soň, golaýda açyldy we özüne nemes paýtagtynyň döwlet muzeýleriniň möhüm gymmatlyklarynyň üç toplumyny: täsin papirus ýygyndysyny özünde jemleýän Müsür muzeýiniň, Ilkidurmuş we irki taryh muzeýiniň, şeýle hem Gadymy Gresiýanyň we Rim imperiýasynyň gadymy döwürleriniň gymmatlyklaryny birleşdirýär.

Meşhur nemes suratçysy Gerlinda Kýolbliň täsin işleri Berlin sergisine aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu suratçy Gadymy Merwde geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň we desgalarynyň, Murgap jülgesiniň haýran galdyrýan tebigatynyň, Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň çeper suratlaryny düşürmek üçin, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyza geldi.

Goňurdepe täsin we özboluşly arheologik ýadygärlikdir. Ol gadymy Murgabyň akymynyň ugrunda ýerleşen, bürünç eýýamyna degişli üç ýüzden gowrak ilatly toplumy özünde birleşdirýär. Şol oturymly ýerleriň köpüsi henize çenli Garagumuň çägeleriniň aşagynda ýerleşýär. Olaryň ählisi biziň eýýamymyzdan ozalky iki müňünji ýylda gülläp ösüpdir we guraklyk döwri başlananda hem-de Murgabyň bu sahawatly jülgäniň ýerlerini suw bilen üpjün edip bilmedik döwründe adamlar bu ýerleri taşlap gidipdirler.

Özüniň möçberleri bilen haýran galdyrýan Goňurdepe dünýäde meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan 1972-nji ýylda tapyldy. Şondan iki ýyl geçenden soň, onuň ýolbaşçylyk eden Marguş arheologiýa ekspedisiýasy bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işlerini geçirip başlady. Meşhur arheolog bu ekspedisiýa ömrüniň ahyryna çenli, 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk etdi.

Häzirki wagtda gazuw-agtaryş işleri Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň arasynda baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde dowam etdirilýär. Şu günler Goňurdepede nobatdaky meýdan işleri başlandy. Onuň barşynda alymlar we gymmatlyklary dikeldiji ussalar geçmişiň täsin ýadygärligini öwrenmegi hem-de onuň bahasyna ýetip bolmajak desgalaryny goramagy dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar.

Ýokarda sanalyp geçilenleriň ählisi we beýleki köp sanly ýagdaýlar akademik Wiktor Sarianidä şol ýerde, Günorta — gündogar Türkmenistanda, häzirki Garagumuň adamsyz çägeliklerinde öň mälim bolmadyk dünýä siwilizasiýasynyň Merkezi Aziýa ojagynyň bolandygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi. Türkmen halkynyň ata-babalarynyň sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki döwürde Aşgabadyň we Marynyň muzeýleriniň aýratyn gymmatly bölegi bolup durýar. Indi ýewropalylar hem Türkmenistanyň gadymy gymmatlyklaryny öz gözleri bilen görmäge mümkinçilik aldylar.

Goňurda gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Bu işleriň esasy maksady geljekki nesiller üçin gadymy binagärlik toplumyny halas etmekden we aýawly saklamakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu wezipe entek özüniň syrlaryny doly açmadyk gaýtalanmajak toplumy mundan beýläk-de öwrenmek we dikeltmek boýunça toplumlaýyn döwlet maksatnamasynyň bir bölegine öwrüldi.

Goňurdepe indi köpden bäri ykrar edilen syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Jahankeşdeleriň aglabasy köp sanly ajaýyp ýerleriň arasynda dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen gadymy şäheriň bardygyny öňünden bilip, Türkmenistana gelýärler. Olar baryp gadymy döwürlerde hem başarjaň gurluşykçylar, ussat zergärler, küýzegärler hem-de heýkeltaraşlar bolan türkmenleriň ata-babalarynyň guran desgalarynyň gerimini öz gözleri bilen görmelidirler.

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni gymmatlygy ýurdumyzy bütin dünýä açyp görkezmelidir. Şu babatda halkara syýahatçylyk döwletimiziň geçen eýýamlaryň şaýatlary bolan gymmatly baýlyklaryny dikeltmekde we aýawly saklamakda gazananlarynyň has netijeli hem-de täsirli mahabat serişdesi bolup hyzmat edýär.

XXI asyrda Marguş ýurdy öz syrlaryny açýar we döwürleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, nesilleriň dowamatlylygynyň hem-de bütindünýä medeni mirasyň umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrülýär. Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Taryha çenli döwür we irki taryh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky şu sergi hem muňa ýardam edýär.

Sergi 15-nji oktýabra çenli dowam eder hem-de Berlinden soň, nemes şäherleriniň ikisinde guralar. Dört aýyň dowamynda sergä Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeýler toplumynda tomaşa edip bolar. (TDH)



Degişli Habarlar