Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi

944780
Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Heýti Mýaemeesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki halkyň dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Estoniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine türkmen-eston gatnaşyklaryny ösdürmäge öz diplomatik tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň barşynda jenap Heýti Mýaemees Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna aýratyn üns berildi.

Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Heýti Mýaemees ýurdumyzyň iri möçberli gazananlaryna uly gyzyklanma bildirip, türkmen-eston döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraply mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi.

Parlamentara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, bu işlerde parlamentara dostluk toparlarynyň ornunyň wajypdygy nygtaldy.

***

Şu gün Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde ilçi paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de Aşgabadyň beýleki gözellikleri bilen tanşar.(TDH)



Degişli Habarlar