Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

“Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi

913141
Aşgabatda Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy” atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň diplomatik toparynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döredilmegine öz mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan möhüm halkara başlangyçlar we taslamalar bilen çykyş edýär diýip belledi. Ýurdumyz Bitarap Türkmenistanyň 2017-2023-nji ýyllar üçin daşary syýasaty Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözülmegine uly goşant goşýar.

2018-nji ýyly «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi!» diýip yglan edilmegi bu gadymy ýoluň gaýtadan dikeltmäge uly ýardam berdi, munuň özi täze taryhy ähmiýetli waka hem-de sebitiň we dünýä döwletleriniň gülläp ösüşiniň kepili bolup durýar. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda Beýik Ýüpek ýoly häzirki zamanyň dürli görnüşlerinde gaýtadan dikeldilýär, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Çykyş edenleriň nygtaýyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly örän düýpli eseri häzirki Türkmenistanyň çäklerinde şol döwürlerde emele gelen siwilizasiýalar, dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny öwrenmek üçin gymmatlyk çeşme bolup durýandygyny nygtadylar. Bu gadymy strategiki ähmiýetli ýoluň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilmegi täze taryhy maksatnama öwrülende Türkmenistan bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek üçin öz syýasy we diplomatik mümkinçiliklerini doly peýdalanýar.

Forumda edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly syýasy ýollar bilen kadalaşdyrmak hem-de möhüm halkara-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça wezipeleriň dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebit we ählumumy meseleleriniň çözülmeginde daşary syýasat strategiýasynyň giň hyzmatdaşlyk üçin açyklygynyň, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga taýýarlygynyň hem-de parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň üstünlige beslenýändiginiň möhüm şerti bolup durýar. Olaryň ählisi umumadamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça Türkmenistanyň milli bähbitleriniň goraglylygynyň netijeli guraly hem-de Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm şerti bolan Bitaraplyk derejesiniň ugurlarydyr.

12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli hem-de döredijilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnamasynyň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň gadymy taryhyna degişli meselelere geçmek bilen, türkmen we daşary ýurt diplomatlary türkmen hökümdarlarynyň gadymy döwurlerden bäri goňşy, alysda ýerleşýän hem-de ýakynda ýerleşýän daşary ýurtlar bilen dostluk we söwda gatnaşyklaryny işjeň ösdürendiklerini nygtadylar, muňa köpsanly ýazuw çeşmeleri hem-de taryhy ýadygärlikler hökmünde Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň subutnama bolup durýandyklaryny nygtadylar, bular barada beýik şahyrlaryň, filosoflaryň we döwlet işgärleriniň eserlerinde hem bellenilýär.

Bu günki gün oňyn Bitaraplyk syýasaty bolsa, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukuklylyk, çäk bitewiligine hormat goýmak, içerki işlere gatyşmazlyk hem-de halkara jedellerini parahatçylykly serişdeler arkaly çözmek ýörelgeleri esasynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň täsirli guraly hökmünde çykyş edýär.

Ýurdumyzyň diplomatiýa gullugynyň ýaş işgärleri hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýokary ýyl talyplary döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin degişli şahadatnamalar bilen sylaglandylar.

Halkara gatnaşyklary institutynyň eýwanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guran sergisi, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk konserti maslahata aýratyn öwüşgin çaýdy.(TDH)



Degişli Habarlar