MHG-nyň Maslahaty Prezidentiň Kompleksinde Geçirildi

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jemleýji jarnama çap edildi.

2145619
MHG-nyň Maslahaty Prezidentiň Kompleksinde Geçirildi

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň Kompleksinde geçirildi.

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jemleýji jarnama çap edildi.

Jarnamada, taryhyň dogry tarapynda ýer alyp Palestin döwletini ykrar edýän ýurtlaryň sanynyň köpelmeginiň we gyrgynçylygyň jogapkärleriniň adalatyň öňünde jogap bermegi üçin edilýän tagallalaryň artmagynyň diýseň möhümdigi nygtaldy.

Jarnamada, halkara hukugyna äsgermezçilik edip Gazadaky gyrgynçylygyny dowam etdirýän Ysraýylyň adamzada garşy edýän jenýatlarynyň bes edilmegi üçin dünýäniň çar tarapynda edilýän tagallalara garşy durýanlaryň, hukugyň üstünligine, demokratiýa we söz azatlygyna goldaw berýändigini öňe sürýän töwerekleriň içgin bolmadyk tutumlaryny ýene-de bir gezek görkezýändigi nygtaldy.

Jarnamada “Tarhyň dogry tarapynda ýer alyp Palestin döwletini ykrar edýän ýurtlaryň sanynyň köpelmegi we gyrgynçylygyň jogapkärleriniň adalatyň öňünde jogap bermegi üçin edilýän tagallalaryň artmagy diýseň möhüm”diýildi.

Jarnamada, Milli Howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DEAŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda Türkiýäniň milli jebisligine, bitewiligine we gelejegine abanýan ähli howplara garşy alnyp barylýan netijeli operasiýalar hakynda maglumat berlendigi nygtaldy.

Milli Howpsuzlyk geňeşiniň jemleýji jarnamasynda, Ukrainadaky gumanitar ýagdaýyň gün saýyn agyrlaşmagyna sebäp bolan söweşde ýetilen sepdigiň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Jarnamada Türkiýäniň, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşiklere we parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin edilýän tagallara goldaw berýändigi ýatladyldy.

Jarnamada, Milli Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda emeli intellekt boýunça gazanylan üstünlikleriň hem gün tertibine getirlendigi nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar