THÝ, Üç Ýyl Soň Owganystana Uçar Saparyna Başlady
THÝ-niň Stambul-Kabul uçar saparlary hepde-de 4 gün sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrlar.
2142289
![THÝ, Üç Ýyl Soň Owganystana Uçar Saparyna Başlady](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/9334/bf41/b7dc/664c4ff0bd1ae.jpg?time=1722043297)
Türk howa ýollary, Owtanystana 2021-nji ýylyň agwust aýyndaky hökümet çalşygy sebäpli berlen arakesmeden soň gaýtadan uçar saparlaryna başlady.
3 ýyl soň uçan THÝ-niň ilkinji uçary Halkara Kabul howa menziline gondy.
Uçar, Türkiýäniň Kabuldaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň Owganystandaky guramalarynyň wekilleri we Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçylary tarapyndan garşylandy.
THÝ-niň Stambul-Kabul uçar saparlary hepde-de 4 gün sişenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrlar.
Owganystanda hökümet çalşygy etabynda başdan geçirlen wakalar sebäpli birnäçe howa ýoly firmasy ýaly THÝ hem 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystana guraýan uçar saparlaryny bes edipdi.