Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2125782
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi operasiýa bilen bagly sosial media hasabyndan: "Ähli güýjümiz bilen göreşmäge dowam ederis" diýip belledi. 

Milli Goranmak ministrligi: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Metina we Gara sebitlerinde anyklan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçyny geçiren howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirer" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #PKK , #operasiýa , #Yrak

Degişli Habarlar