Türkiye Gazadaky Şypa hassahanasy bilen bagly beýanannama berdi

Türkiye Gazadaky Şypa hassahanasyndan gelip gowuşan materiallaryň, Ysraýylyň palestinanyň halkyny bilkastlaýyn we ulgamlaýyn häsýetde ýok etmegi maksat edinýändiginiň subutnamasydygyny beýan etdi

2123402
Türkiye Gazadaky Şypa hassahanasy bilen bagly beýanannama berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Ysraýylly ýolbaşçylaryň soňky 6 aýdan eden edýän jenaýatlary adamzat taryhy boýunça başdan geçirilen iň uly wagşyçylyklaryň biridir" diýip bellenip, şol jenaýaty edýänleriň ählisiniň kazyýetiň öňüne çykjakdygy we edilýän jenaýatlara göz ýumýanlaryň hem taryha gara bir tegmil hökmünde geçjekdigi habar berildi. 

"Gazadaky Şypa hassahanasyndan gelen gowuşan wideo we surat materiallar Ysraýylyň palestinanyň halkyny bilkastlaýyn we ulgamlaýyn häsýetde ýok etmegi maksat edinýändiginiň subutnamasydyr" diýip bellenip, adamzat wyždany bilen hukugy äsgermeýän we global parahatçylyga we durnuklylyga zeper ýetirýän Ysraýyly duruzmagyň halkara jemgyýetiň wezipesidigi mälim edildi.

Beýanatda: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan kabul edilen soň ot açmazlyk baradaky ýaraşyk kararynyň we Halkara kazyýet tarapyndan beýan edilen goşmaça çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler tiz wagtda kabul edilmeli" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Gaza , #Türkiye

Degişli Habarlar