Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygyndaky Metina we Gara sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi
2123490
![Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/a08b/e24d/0e41/62b2f9ad7ce08.jpg?time=1722046002)
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gözle, tap, ýok et! Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygyndaky Metina we Gara sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçyny howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. Sebitde iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli operasiýalarymyz erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi.