Stambulda Bolan Ýangynda 27 Adam Ýogaldy
Prezident Erdogan telefon arkaly ıçeri işler ministri Ali Ýerlikaýadan ýangynda hakynda maglumat aldy.
2123888
![Stambulda Bolan Ýangynda 27 Adam Ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/d321/d85c/2031/660c06ef33817.jpg?time=1722045495)
Stambul şäheriniň Beşiktaş etrabynda 16 gatly binadaky dynç alyş merkezinde abadanlaşdyryş işleri dowam edýärkä bolan ýangynda 27 adam ýogaldy.
Welaýat häkimligi ýangynyň söndürlendigini, ýangynda 27 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň hem agyr ýaralanandygyny mälim etdi.
Prezident R. T. Erdogan telefon arkaly ıçeri işler ministri Ali Ýerlikaýadan ýangynda hakynda maglumat aldy.
Ministr Ýerlikaýa waka bilen arabaglanşykly derňew işiniň gozgalandygyny aýtdy.